Habarlar

Filadelfiýa şäherinde piliň adaty däl heýkeli döredildi

18-01-2023 / 8

Amerikan heýkeltaraşy Daniel Friman adaty däl görnüşli heýkelleri bilen dünýä jemgyýetçiligini özüne haýran galdyrýar. Onuň döreden holtumyna direnip duran piliň heýkeli täsin görnüşi emele getirýär.

Aslynda, ol holtumy bilen ýere direnýän ýaly görünse-de, diwarlara göze görünmeýän demir urganlar bilen berkidilendir. Bu heýkel dünýäniň abraýly sungat muzeýlerinde guralan görkezme sergilerde hem uly gyzyklanma döredipdi. Häzirki wagtda ol ABŞ-niň Pensilwaniýa ştatynyň Filadelfiýa şäherindäki sungat muzeýinde saklanylýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu