
«Berkarar döwlet islärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwründe eden arzuwlary bu günki gün hakykata öwrüldi. Eziz Watanymyzyň binýady gaýym guruldy.
Magtymgulynyň döredijiligi umman ýaly giň, Zemin ýaly bereketli, asman ýaly belentligi üçin ynsan durmuşynda ýüze çykýan çylşyrymly meseleleriň çözgüdini, degerli maslahatlary, pähim-paýhasy özünde jemleýär. Şahyryň edebi mirasy, akyl-paýhasa, ýokary çeperçilige ýugrulan ajaýyp eserleri belent adamkärçilige, ylahy päklige, watansöýüjilige, ynsaba, wyždana esaslanýar.
Watan mertebesi merdi-merdanalaryň mertebesine daýanýar. Mert ýigitler Watan üçin hiç zatdan, hatda şirin janyny orta goýmakdanam gaýtmaýar.
Halkyň döwletli bolmak islegi akyldar şahyryň baş temasy bolupdyr. Watan, ýurt, dogduk depe, il, halk, bitewülik baradaky setirleriň hemmesi şahyryň döwlet bolmak arzuwlarynyň beýanydyr.
Akyldar şahyr bir hakykata aýdyň göz ýetiripdir. Watan – mukaddes. Şonuň üçin hem Watany mertebelän gerçekler, Watan üçin gara başyny orta goýup, gerek ýerinde şirin janyndan geçen gerçekler baky diridirler. Halk olara hakydasynda hemişelik ömür beripdir. Şahyr mertlik-namartlyk, edermenlik-ýöwsellik meselesinde diňe Watana bähbitlisini wagyz edipdir.
Köpetdagyň belent gerşinde akyldar şahyrymyzyň ýadygärligini öz içine alýan täze medeni-seýilgäh toplumynyň döredilmegi, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagy beýik söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň güwäsidir.
Watan mertebesi beýikdir. Berkarar döwletde ýaşamagyň arzuwynda we milleti şol ajaýyp maksadyň daşynda merdana watançylyk ruhy bilen jebisleşdiren akyldar şahyrymyzyň mertebesi Watan mertebesi ýaly müdimidir.
Babaguly PIRGULYÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň 2-nji ýyl harby talyby.



