
«Dürden gymmat deri bilen dünýäni daýhan ekleýär». Söz ussadynyň şu setirleriniň döremegine ene ýere bagry badaşan, halal zähmeti bilen başgalara görelde bolmagy başarýan babadaýhanyň sebäp bolandygy öz-özünden düşnükli. Dogrudanam datly nygmatlar desterhan-saçaga ýetýänçä toprak goýnuna daýhanyň alyn deri, azap-yhlasy siňmeli.
Diýarymyzyň toprak-howa şertleri mukaddes ene topragymyzda datly miwedir ir-iýmişleriň, gök önümdir bakja ekinleriniň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge, bir ýerden iki hasyl almaga, hatda gyşda gyşlaýan ýorunja, güýzlük arpadyr bugdaý ýaly ekinleri ekip, üçünji hasylyň düýbüni tutmaga doly mümkinçilik berýär. Ekin dolanyşygynyň aýlawyna laýyklykda, bir ýerden iki hasyl almak üçin güýzlük bugdaýdan soň gyşlaýan ekinlerden ýorunja, gant we gyzyl şugundyr, ot-iýmlik şugundyr, käşir, güýzlük kelem, işdäaçar otlar, düme we ýarym düme bakja ekinleri gowy netije berýär.
Güýzlük bugdaýdan, arpadan ir boşan ýerlerde indiki güýzki ekişe çenli ekilip hasyl alynýan aralyk ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň we bol hasyly kemala getirmegiň tärleri barada aýdylanda, boşan ýerlere 20-30 tonna çüýrän ders bermeli. Soňra köne keşleriň ugry bilen endigan suw tutmaly. Suw şol bir wagtyň özünde meçew suwy bolup, haşal otlaryň tohumlarynyň gögermegine ýardam berýär we çüte suwy bolup, ýeri sürüm üçin ýumşadyp taýýarlap taba getirýär. Taba gelen wagtynda 15-20 santimetr çuňlukda ýeňiljek sürüm geçirmeli, yzyndan tekizlemeli. Soňra täzeden 60 santimetr aralykda keş çekmeli. Onsoň däne ekijisi bilen aramlyk ekinleri bolan mekgejöwen, mäş, künji, günebakar, noýba, nohut ýaly ekinleri ekmeli.
Aralyk ekinleriň hemmesi haşal otlardan arassalamak we ýerden alynýan önümiň özüne düşýän gymmatyny azaltmak maksady bilen ekilýär. Aslynda, ene ýer – gözbaşy egsilmeýän bereket arygy. Şol çeşmäniň mydama dolup-daşyp, desterhan-saçaklara rysgal-berekediň akyp durmagy daýhan zähmetine baglydyr.
Batyrguly ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Halaç etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.



