Habarlar

Alymlar uzak ýaşamaklygyň syryny tapdylar

18-01-2023 / 10

Amerikan biologlary uzak ýaşly adamlaryň beýnisiniň ýitileşmegine täsir edýän sebäpleri ýüze çykardylar. Bu barada «RIA» habarlar gullugy habar berýär.

Bu ugurda ABŞ-nyň Kornel we Dýuk uniwersitetleriniň alymlary iş alyp bardylar. Ýüz ýaşdan ýokary adamlaryň bedeninde beloklary düzgünleşdirýän «Forkhead box O3» umumy geniň bardygy anyklanyldy. Bilermenleriň geçiren barlaglarynyň netijesine görä, «uzak ýaşamaga täsir edýän bu geniň» beýniniň ösüntgili öýjüklerini garramakdan goraýandygy anyklanylypdyr. Lukmançylyk ylmynyň degişli hünärmenleri ylmy-barlag işleriniň netijesini «Nature Communications» ylmy žurnalynda çap etdiler. Bu gen degişli hünärmenlere öňden mälimdi. Ýöne geçirilen barlaglaryň netijesinde bolsa onuň esasy wezipesi anyklanyldy.

Ösüntgili öýjükler adamyň bütin ömrüne maglumatlary özleşdirmäge we ýatda saklamaga ýardam berýän täze öýjükleri emele getirýär. Bu gen ruhy sarsgynyň netijesinde şol öýjükleriň dargamagynyň öňüni alýar. Haçan-da bu gen işjeň ýagdaýa geçende adamyň immuniteti herekete geçýär we öýjükler bölünip başlaýar.

Gurbanmyrat GURBANALYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu