PsihologiýaSlider

Söz – göwnüň suraty

17-01-2023 / 21

Alymlar: „Adamyň sözleýiş edebinde-de onuň göwnüniň suraty bar“ diýýärler. Ynsan islendik ýaşda-da diňe özüne kybapdaş adam gözleýär. „Boýum bilen boýdaş tapdym, göwnüm bilen göwündeş tapmadym“ diýen sözler, megerem, şundan ybarat bolmaly. Halk dörtedijiliginde, nakyllarda hem köňül bilen bagly birnäçe paýhaslar bar: „Göwni açygyň – başy salamat, „Göwün darlygy – horluk“, „Göwün şatlygy – ömür zyýatlygy“, „Göz – derýa, göwün –umman“, „Göwnüňe gelen alnyňa geler“ diýen ýaly nakyllarda hem ynsanyň ýaşaýyş-durmuşynyň manysynyň göwnüniň mazmunyna, ýagny päl-niýetine baglydygyna göz ýetirip bolýar. Ata-babalarymyz adamyň köňlüniň suratynyň onuň ýüz-keşbine çykýandygyny belläpdirler.

Abdylla Mübärek Merwezi: “Gözüni ýumjardyp, ýalandan ýylgyrýan adamlar köpbilmiş bolýar“ diýse, Zamahşary: „Ähli zada dykgatly, gözlerini giňräk açyp seredýän adamlar ruhubelent, edermen, köpçülige özüni diňledip bilýän adamlar bolýar“ diýipdir.

Halkymyzda „Ynsan soraşa-soraşa“ diýen söz bar. Birek-biregi tanamak üçin hal-ýagdaý soralýar. Şonda söhbetdeşiň nähili adamdygyny onuň sözlerinden hem-de hereketlerinden tanap bolýar. Bu barada il arasynda şeýle tymsal bar.

Soltan Sanjar şol bir işi edýän adamlardan dürli jogaby alyp bolýandygyny baş wezirine aýdýar. Onuň şeýledigini subut etmek üçin kätibini jahankeşdeleriň lybasynda, täze gurulýan köşk üçin kerpiç daşaýan adamlaryň ýanyna iberýär.

Kätip, öwredilişi ýaly, ilki bir adamdan:
– Näme iş edýärsiň? – diýip soraýar. Ol adam janyýangynly:
– Göreňokmy, kerpiç daşaýaryn – diýip, jogap berýär.
Ýene biraz wagtdan kätip başga bir ýegşerip gelýän adamdan:
– Näme iş edýärsiň? – diýip soraýar.
Ol adam:
– Gara günüm üçin kerpiç daşaýaryn. Eger men günümi görýän bolsam, şu işleriň golaýyna geljekmi?! – diýip, jogap berýär.
Kätip hälki iki adamyň ýanlarynda bolan üçünji adamdan:
– Näme iş edýärsiň? – diýip soraýar. Çuwaly arkalap barýan adam çalaja säginip:
– Patyşamyza köşk gurmak üçin kerpiç daşaýaryn. Enşalla, ol köşk Merwiň gözelligine ýene görk goşar – diýipdir.
Kätip bar zady bolşy ýaly gürrüň berenden soň, Soltan Sanjar üçünji ýigidiň şanyna beýleki kerpiç daşaýanlara sadaka paýlamagy buýurýar. Mahmyt Zamahşary „Adamy ilki göreniňde onuň daşky sypatyna görä baha berersiň, oňa „göz tanyşlygy“ diýilýär. Emma az-kem gürleşeniňden soň „kalp tanyşlygy“ bolup geçýär. Ynha, şol tanyşlyga hakyky tanyşlyk diýilýär“ diýipdir.

Züleýha ROZYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu