
Angliýanyň Ylymlar akademiýasynyň «Royal Society» atly patyşalyk jemgyýeti teleýaýlym programmalaryna ýokary kesgitli – HD ölçegde tomaşa etmekligiň, global ýylylyga sebäp bolýan uglerod zyňyndylaryny sekiz esse ýokarlandyrýandygyny duýdurdy.
Programmalaryň SD standart ölçeginde görülmegini maslahat berýän patyşalyk jemgyýeti, ulanyjylaryň kiçi ekranlarda bu ölçegiň tapawudyny görüp bilmejekdigini mälim etdi. «Royal Society» diýen patyşalyk jemgyýetiniň maglumatynda platformalardan we gözegçilik ediji guramalardan çözgüt hilini çäklendirmeklik talap edilýär we bu babatda deslapky karar SD standart ölçegi bolup galýar.
Bu jemgyýetiň maglumatyna görä, global zyňyndylarda sanly tehnologiýanyň paýy 1,4 bilen 5,9 göterim arasynda üýtgeýär.
«Royal Society» patyşalyk jemgyýetiniň energiýa tygşytlamagy teklip edýän başga bir usuly, tomaşa edilmeýän bolsa, aýdym-saz bilen baglanyşykly wideolary öçürmekdir. Bu maglumaty ýazan alymlar şeýle ýönekeý ädimler bilen aýdym-saz platformalarynyň uglerod zyňyndylaryny bäş göterim azaldyp boljakdygyny bellediler.
«Royal Society» diýen patyşalyk jemgyýeti alymlaryň «YouTube» hyzmatlaryny gaýtadan dikeldilýän energiýa bilen işledip, uglerod zyňyndylaryny bäş göterim azaldandygyny mälim etdi. Şeýle hem maglumatda täze enjam önümçiliginiň uglerod zyňyndylaryny ep-esli derejede ýokarlandyrýandygy üçin sarp edijilere ozal bar bolan telefonlaryny has uzak wagtlap ulanmaklyk maslahat berilýär.
«Royal Society» diýen patyşalyk jemgyýeti, öýlerde we iş ýerlerinde ulanylýan kompýuterlerde bulut tehnologiýasyny ulanmaklyk uglerodyň zyňyndylarynyň azalmagyna goşant goşjakdygyny mälim etdi. Hünärmenleriň pikiriçe, bu tehnologiýa hyzmaty has netijeli ulanmagy üpjün edýär. Sebäbi hyzmatlar işsiz wagty energiýa sarp etmeýärler. Maglumatda tehnologiýa kompaniýalarynyň aç-açan hereket etmelidigi, sanly önümler we hyzmatlar tarapyndan döredilen uglerod zyňyndylary barada maglumatlary paýlaşmalydygy aýdylýar.
Begendik BABAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.