
Ýetginjekleriň oýunlarynyň köpüsiniň sportuň häzirki görnüşleri bilen örän meňzeşdigini bellemek gerek. Mysal üçin, “çilik-hekgal” oýny häzir tutuş dünýäde meşhur bolan golf oýnuny “çilik” – otuň üstündäki hokkeýi we beýleki oýunlary ýadyňa salýar. Gadymy döwürde olar çagalara taýaga erk etmegi öwredipdir, çünki taýak başarnykly ellerde ýaraga öwrülipdir.
“Çilik-hekgal” diýen oýny gysgaça gürrüň bersek, ýerlikli bolar. Bu barada öz döwründe meşhur türkmen alymlary—akademik A.Jykyýew hem-de professor Ö.Gündogdyýew giňişleýin gürrüň berdiler.
Gyş döwründe, ilat oba hojalyk işlerinden boş wagty 20 ýaşa çenli bolan ýetginjekler meýdana ýygnanypdylar. Oýunçylar ýany bilen takmynan ýetmiş santimetrden çala gowrak bolan uzynlykdaky taýagy hem-de uly bolmadyk ýörite taýýarlanan uzynlygy 25 santimetr bolan iki tarapy uçly taýagy – “çiligi”getirerdiler. Taýaklary oýunçylaryň özleri agajyň berk görnüşlerinden ýa-da gyrymsy agaçlardan, adatça ýylgyndan taýýarlaýardylar.
Ýeriň ýüzünde diametri on metre golaý bolan töwerek çyzýardylar. Onuň içinde bellik bolup hyzmat eden daşlar ýerleşip, ýeňlişe sezewar bolýan oýunçylar şolara çilik bilen degirmelidiler. Käwagt daşlaryň ýerine bellik hökmünde gazylan çukur goýulýardy. Munuň özi bu oýny häzirki döwürdäki golfa has-da ýakyn edýär.
Ýeňlip barýan topar töweregiň daşynda ýerleşýär. Toparyň öňbaşçysy çiligi eline alyp hem-de ony ýokary zyňyp, ony taýak bilen urýardy. Ol urup bilmedik ýagdaýynda, onuň ikinji synanyşyga hukugy bardy. Eger bu synanyşygy hem başa barmasa, onda ol taýagy öz toparynyň beýleki oýunçysyna geçirýärdi.
Eger garşydaş toparyň oýunçysyna çiligi howadaka tutmak başartsa, onuň tutuş topary ýeňiş gazanýardy; toparlar ýerlerini çalyşýardylar. Güýçli urgudan soňra çilik 100 metre çenli aralyga zyňlyp bilýärdi. Ýeňlip barýan toparyň oýunçylarynyň biri çiligi ýerden galdyrýardy hem-de şol ýerden ony bellik goýlan tarapa zyňýardy.
Eger ol bellige düşse, onda topar ýeňýärdi. Eger-de çilik diňe töwerege ýetse, onda ony yza zyňýardylar, özi-de oýunçylaryň ýok ýerine zyňylýardy; alyp baryjy toparyň oýunçysynyň şu ýagdaýda çiligi eline almaga hukugy ýokdy, elindäki taýagy bilen seresaplyk bilen ony ýokary galdyryp urmalydy.
Utulyp barýan topar çiligi ýene-de bellige tarap zyňýardy. Bellige yzly-yzyna dört gezek degmeseň hem-de çiligi howadaka tutmasaň, oýunçylar jerime utuklaryny alýardylar hem-de bir bitin utugy ýitirýärdiler.
… Türkmenleriň halk oýunlaryna, şol sanda “çilik-hekgalyň” döränine birnäçe müň ýyllar bolandygyna garamazdan, golfyň resmi taýdan dörän senesini ol barada ilkinji gezek ýazuw görnüşdäki ýatlanylmagyny hasaplamak kabul edilendir.
Maksat BABAMYRADOW,
Hezret ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyplary.



