Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, 21-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki maslahaty geçiriler.
Şu günler bu möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Olaryň çäklerinde, ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda bu jemgyýetçilik-syýasy çärä ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görlüşi we türkmen jemgyýetinde halk häkimiýetliliginiň dabaralanmagy bilen baglylykda, hoşallyk maslahatlary hem yzygiderli geçirilýär.
«TürkmenGazet».