Siziň üçin...Slider

Magtymguly – umumadamzat kalbynyň şahyry

15-01-2023 / 19

Magtymguly türkmen halkynyň milli şahyry, milli guwanjy, milli buýsanjy hasaplanýar. XVIII asyrdan bäri Magtymguly her bir türkmeniň öýünde, kalbynda, aňynda ýaşap gelýär. Türkmen diýlende, Magtymguly, Magtymguly diýlende, türkmen diýen söz biygtyýar ýadyňa düşýär.

Şahyr nusgawy edebiýatyň we jemgyýetçilik aňynyň ösüşine örän uly goşant goşdy. Magtymguly sözüň doly manysyndaky nus­gawy edebiýaty esaslandyrdy. Bu barada Ý. E. Bertels şeýle ýazýar:

“Eger belli bir halkyň belli bir döwürdäki mahsus sypatlaryny has mahsus suratda görkezýänligi manysynda edebiýata “nusgawy” edebiýat diýlip at berilmegi türkmen edebiýaty barada ulanylmakçy bolsa, onda, elbetde, şol at XVIII–XIX asyrlaryň türkmen edebiýaty­na berilmelidir, ol edebiýatyň has aýdyň we mahsus wekili bolsa türk­men halky tarapyndan henize çenli-de örän hormatlanýan şahyr Mag­tymguly bolupdyr”.

Garaşsyzlyk eýýamynda Magtymgulynyň edebi mirasyna has-da möhüm ähmiýet berildi, oňa uly gadyr-gymmat goýuldy.

Magtymgulynyň esaslandyran edebi mekdebi öz döwründe-de, ondan soň hem edebiýatyň ösmegine we kämilleşmegine uly ýar­dam edipdir hem-de Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes ýaly görnükli söz ussatlarynyň hem-de beýleki ençeme şahyrlaryň halypasy bolupdyr. Halk rowaýatlarynyň birinde aýdylyşyna görä, geçen asyrda şahyrlaryň birnäçesi gürrüňçilige ýygnanýarlar. Gürrüňçilik gyzyşyp, edebiýat barada söz açylanda, kimdir biri “Indi näme hakda ýazmaly?” diýen soragy orta atýar. Şonda Kemine “Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gitdi. Indi bize diňe onuň hoşasyny çöple­mek galdy” diýip jogap berýär. Zelili bolsa, “Hoşa bugdaý arassa bo­lar” diýip, onuň sözüniň üstüni ýetirýär.

Geçmişde Magtymgulynyň edebi mirasy özüne mynasyp orun alyp bilmändir. Synpy jemgyýet şahyryň eserleri bilen ýakyndan tanyşmaga, ondan geregiňçe peýdalanmaga zähmetkeş halk köpçüligine mümkinçilik bermändir. Ýokary gatlak wekilleri, ruhanylar şahyryň erkin pikirleriniň, dana pähim-paýhaslarynyň halk arasynda ýaýramagyndan heder edipdirler. Onuň edebi mirasyny kemsitmäge, edebiýat meýdanyndaky, jemgyýetçilik aňynyň ösüşindäki ornu­ny peseltmäge dyrjaşypdyrlar. Şonuň üçin hem, olar öňki döwürde Magtymgulynyň eserleriniň mekdep-medreselerde okadylmagyna rugsat bermändirler, hatda şahyryň goşgularynyň aýdyjylar, bagşy-sazandalar, hatdatlar tarapyndan il arasyna ýaýradylmagynyň öňüni almaga-da synanyşypdyrlar. Türkmen halky diňe Garaşsyzlyk eýýamynda ata-babalarymyz tarapyndan döredilen medeni mirasyň, şol sanda Magtymgulynyň edebi mirasynyň-da hakyky eýesi boldy.

Güljemal ŞAMYRADOWA,
Çärjew etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu