
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-6-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz HHR-e döwlet saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda geçirilen resmi gepleşikler Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini nazara almak bilen, ägirt uly ähmiýete eýedir.
Bu sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Ýurdumyz geçen ýyllaryň dowamynda ählumumy bähbitlere, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýoluna üstünlikli eýerip gelýär. Hut şu öňdengörüjilikli “Açyk gapylar” syýasaty ykdysady ösüşiň ýokary depgininiň üpjün edilmegi hem-de ýurdumyzyň dünýäniň iň gowy tejribesini, innowasion tehnologiýalaryny çekmäge çalyşýandygy bilen baglylykda, daşary ýurtly, şol sanda hytaýly hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklara gyzyklanmasynyň barha artmagyny şertlendirýär. Olar bilen hyzmatdaşlykda giň gerimli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Bu gaz geçiriji Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan esasy söwda ýoly bolup hyzmat eden Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürde täze galkynyşa eýe bolandygyny alamatlandyrýar. Bir söz bilen aýdylanda, biziň ýurtlarymyz köpasyrlyk dostluk däplerine daýanyp, sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýýarlar. Häzirki wagtda şol gatnaşyklar netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Häzirki wagtda Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy” strategiýasy bilen has içgin utgaşdyrmak ugrunda çäreler işjeň alnyp barylýar. Häzirki zaman şertlerinde özara bähbitleriň bolmagy Türkmenistan bilen Hytaýa bu başlangyçlary durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlygy üstünlikli giňeltmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi bermek bilen, häzirki zaman meýillerine laýyklykda, Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişlikleri ýakynlaşdyrmaga ýardam eder, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologik tapgyrlary hem-de senagat guşaklyklaryny kemala getirer, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň durmuş derejesini, abadançylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder.
Häzirki wagtda biz dostlukly ýurduň ykdysadyýetiniň barha artýan isleglerini hem-de Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gazyň möçberini artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji ugrunyň gurluşygynyň taslamasy içgin ara alnyp maslahatlaşylýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşli üstaşyr ulag hem-de logistika infrastrukturasynyň köpşahaly ulgamyny döredýär. Geljekde ol Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özünde jemlär. Munuň özi Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän amatly guryýer ugruny açýar.
Rejepbaý ALYMOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



