Siziň üçin...Slider

Dil öwrenmegiň 4 endigi

13-01-2023 / 39

Ýurdumyzyň dil syýasatynda ýaş nesliň dünýä dillerini bilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda çagalarymyz mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy orta bilim berýän mekdeplerde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ene dilimiz bilen bir hatarda, birnäçe daşary ýurt dilini öwrenýärler.

Häzirki wagtda dil okatmakda netijeli hasap edilýän usulyň kommunikatiw, interaktiw (özara işjeňlik) usuldygy hemmämize mälimdir. Daşary ýurt dilleri okadylanda, kommunikatiw usuly ulanmak okuw işinde dil öwrenmegiň diňleme, sözleýiş, okuw hem-de ýazuw ýaly 4 sany endigini amal etmek bilen gönüden-göni baglydyr. Daşary ýurt dillerini okatmagyň adaty, däp bolan grammatiki-terjime usulynda, esasan, okuwçynyň diliň gurluşyny hem-de terjime arkaly okalan tekstiň manysyna düşünmegini gazanmak okuw işiniň esasy maksady bolup durýardy.

Kommunikatiw usulda grammatika öwredilende, nusgalyk grammatiki birlikleri hem-de jümleleri ýörite gönükmeler arkaly gaýtalap, amaly ulanyp görkezmek hem-de öwretmek maslahat berilýär. Çaga öz ene dilinde hem kommunikatiw endikleri öwrenmegi, mälim bolşy ýaly, ilki bilen diňleme endiginden başlaýar. Heniz dil bitmedik çaga hem diňläp, ene-atanyň ýa-da beýleki adamlaryň diýýän zatlaryna düşünip bilýändir. Ine, şonuň üçin hem kommunikatiw usulda daşary ýurt dilini öwretmek diňleme (listening) endigini özleşdirmekden başlanýar. Usulyýetçi alymlar diňleme endigini ösdürmäge başda uzagrak wagt sarp etmegi, köpräk diňleme gönükmeleri bermegiň gerekdigini hem nygtaýarlar. Olaryň pikirine görä, şeýdilende, sözleýiş endigini öwretmek has ýeňil düşýär. Şeýlelikde, kommunikatiw usulda dilden aýdylýan zada diňläp düşünmegi başarmagy öwretmek örän wajypdyr.

Daşary ýurt dilini öwretmegiň ikinji endigi hem edil çaganyň ene dilini öwrenişi ýaly, sözleýiş (speaking) endigidir. Kommunikatiw usulda bu endigi öwretmäge hem uly ähmiýet berilýär. Sözleýiş dil endikleriniň esasysy diýsek hem ýalňyş bolmaz. Şol sebäpli hem sözleýşi ösdürmäge kommunikatiw usulda gaty inçeden çemeleşilýär. Bu meselede okatmagyň esasy ýörelgesi berjaý edilip, sözleýşi öwretmek ýönekeýje jümlelerden başlanýar hem-de çaganyň ösüşine we ýaş aýratynlygyna baglylykda çylşyrymlaşyp gidýär. Şeýlelikde, sözleýiş bilen bagly okuw işleri meýilnamalaşdyrylyp, alňasaman geçirilse, oňat bolýar. Sözleýşi öwretmekde köp gezek gaýtalanýan türgenleýiş gönükmeler kommunikatiw usulda işiň saldamly bölegini düzýär.

Indiki öwredilmeli dil endigi — okuw (reading) endigidir. Kommunikatiw usulda bu endigi öwretmäge hem täzeçe çemeleşilýär. Adaty usullarda harplaryň okalyşyny öwretmek okuw endigini ösdürmegiň özeni hasaplanýar. Kommunikatiw usulda bolsa harp okamaga ullakan bir ähmiýet berilmeýär. Hakykatdan-da, okuw endiklerini harp okamak arkaly öwretmäge hem-de ösdürmäge çalyşmak, aslynda, ýeňil iş däl. Bu diňe iňlis dili daşary ýurt dili hökmünde öwredilende ulanylýan tär. Kommunikatiw usulda bolsa okamagy öwretmek harplap okamaga esaslanmaýar. Iňlis dilinde sözüň aýdylyşy onuň ýazylyşy bilen doly gabat gelmeýär. Şonuň üçin hem kommunikatiw usulyýetde okamagy öwretmek çaganyň psihikasyna, ýadyna daýanýar. Şeýlelikde, dürs ýazmagy öwretmek üçin bir sözüň ýazylyşyny tä çaganyň eli öwrenişýänçä hem-de ýadynda galýança ýazdyrmaly bolýar.

Iňlis dilinde hatyň hem iki hili görnüşi bolýar: ýazmaça we basmaça. Adaty usullarda hat ýazmaça ýazdyrylýardy. Emma döwür üýtgeýär. Indi bolsa basmaça ýazuwa geçildi.

Erkinaý HALLYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu