Siziň üçin...Slider

Gar adamy nädip ýasamaly?!

10-01-2023 / 12

Eýsem, bu gün gar adam ýasamak üçin ajaýyp gün bolsa gerek. Çagalygymyzdan bäri gyş paslynda ählimiziň iň halaýan zatlarymyzyň biri gardan gar adam ýasamak bolsa gerek. Geliň onda, bu gün gar adam ýasamagyň matematiki formulasyny birlikde öwreneliň!

Maglumatlara görä, gardan gar adam ýasamak üçin iňlis alymlary gerek bolan ölçegleriň we beýleki zatlaryň jikme-jik netijelerini öwrenipdirler. Angliýanyň Trent uniwersitetiniň matematigi Dr. Jeýms Hindiň gar adam ýasamak üçin taýýarlan formulasyna görä, gar adamyň beýikligi, deňagramlylygyny saklamak üçin bolsa boýy 1 metr 62 santimetr bolmaly. Howanyň temperaturasy 0 gradus we ondan pes bolmagy maslahat berilýär. Gar adamlaryň burny üçin ulanyljak käşiriň uzynlygy 4 santimetre golaý bolmaly.

Gar adamy üçin ýasaljak beden üçin 3 sany gar topy ulanylmaly. Matematikler diametrini aşakdan ýokarlygyna 80 sm-den 50-30 sm aralygynda bolmalydygyny belleýärler. Gar adamyň gözleri üçin ulanyljak materialyň ululygy 5 santimetrden uly bolmaly däldir.

Gar adamy gowy ýasamak üçin ulanyljak gar hem möhümdir. Kristal däl, täze we ýalpyldawuk arassa täze garlary saýlamak maslahat berilýär. Gar adamyň garny (böwri) üçin  3 sany kiçijek düwme ulanylmaly. Bedeniň aşakdaky esasy uly gar topunyň diametri azyndan 80 santimetr bolmaly. Gar adamyň aýaklary üçin bolsa aşakdan iki sany süýri gar topundan peýdalanmak maslahat berilýär.

Onda nämä garaşýarsyňyz, ýyly egin-eşiklerimizi geýip, gar adam ýasamaga girişeliň!

Kerwen BABAÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu