Gar – bu ynsanyň kalbyny ýyladýan ýeke-täk suwuklyk. Özi sowuk bolsa-da, gar adamlara şatlyk-şowhun, ýylgyryş paýlaýar. Çünki gar – Asmanyň Zemine peşgeşi bolup, ol bereket getirýär.
Gardan lybas geýen Zemin has-da gözel keşbe girýär. Bu gözellegi näçe synladygyňça şonça-da synlasyň gelýär. Garyň gaýyp aşaga düşmegi bolsa, söýgüniň kalpdaky keşbini çekip bilýän gaýtalanmajak suratdyr. Sebäbi gar Zemini ýuwaş-ýuwaşdan agardýar. Söýgem adam gursagyna ýuwaş-ýuwaşdan aralaşyp, ymykly ornaşýar.
Megerem garyň akja ýüzünde eýläk-beýläk togalanmak çagalygymyza dolaýan ajaýyp pursat bolsa gerek. Çünki bu lezzeti diňe gar ýagan wagty duýup bolýar. Gar bu tebigatyň hazynasy. Tebigat örän jomartlyk bilen öz hazynasyny Zemine eçilýär.
Gar tebigatyň keramatyny ýene bir gezek subut edýän barlykdyr.
Merjen JUMAGYLYJOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.