
Tebigaty we onuň baýlyklary hasaplanýan janly-jandarlaryň, ösümlikleriň täsin dünýäsini goramak hem-de geljekki nesillere ýitgisiz ýetirmek asylly iş, şol bir wagtyň özünde derwaýys wezipe hasaplanýar.
Adamlaryň, esasan hem, ýaş nesillerimiziň kalbynda, aňynda tebigata söýgi duýgusyny, ony aýawly saklamak, baýlyklaryndan ýerlikli we netijeli peýdalanmak medeniýetini kemala getirmek, bu ýörelgelere ygrarly bolmak endiklerini ösdürmek olaryň aň-düşünjelerine, durmuş medeniýetine we ahlak gymmatlyklaryna hem öz täsirini ýetirýär.
Çagalarda we ýetginjeklerde tebigata bolan oňyn garaýyşlar, gözel Diýarymyza, onuň tebigy gözelliklerine söýgi döretmek işi çagalar baglarynda, umumybilim edaralarynda ýola goýulýar. Emma bu işiň ilkinji binýady çaganyň irki ösüş döwürlerinde, maşgala terbiýesinde goýulsa has talabalaýyk bolýandygy hakynda degişli hünärmenler belläp geçýärler. Ekologiýa terbiýesi çagalarda ynsanperwer düşünjeleriň, gözelligi duýmak endikleriniň kemala gelmegine hem ýardam berýär.
Uzak ýaşlylyk, keýpiçaglyk, çaga gülküsidir guşlaryň sesi gözel tebigaty, ekologiýa abadançylygyny, ynsan bilen daşky dünýäniň ajaýyp sazlaşygyny alamatlandyrýar. Biziň ata Watanymyz hem ajaýyp tebigat gözelligi, arassa ekologiýasy bilen dünýäni haýrana goýýar.
Zöhre HOJAKULYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.



