9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ahal welaýatynyň Arkadag şäherindäki bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahata ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleri, sungat ussatlarydyr bagşy-sazandalar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Edilen çykyşlarda Arkadag şäherindäki medeniýet edaralarynyň halkymyzyň ruhy dünýäsini galkyndyrandygyny, täze şäheriň medeniýetiň we sungatyň gülläp ösýän mekanyna öwrüljekdigini, onuň sanlyja ýylda gurulmagynda, dünýä nusgalyk «akylly» şäher bolmagynda Gahryman Arkadagymyzyň uly goşandynyň bardygy buýsanç bilen bellenildi.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, berkarar döwletimizi gülledip ösdürmekde, türkmen medeniýetini, sungatyny dünýäde şöhratlandyrmakda uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.
«TürkmenGazet».