SliderSyýahatçylyk

Beýik Hytaý diwary

08-01-2023 / 38

Miladydan öňki 475–221-nji ýyllar Hytaýyň taryhynda Çžango (Uruşýan patyşalyklar) döwri diýlip atlandyrylýar. Bu döwürde daşky duşmanlardan goranmak üçin Beýik Hytaý diwary gurlup başlanyp, milady 608-nji ýyla çenli dowam edipdir. Onuň gurluşygyna millionlarça adamlar gatnaşypdyr. Bu diwar Hytaýyň demirgazyk-günbataryna çenli uzalyp gidýär.

Han nesilşalygy (m.ö. 206 – miladynyň 220‑nji ýyllary) döwründe diwar günbatara tarap – Dunhuana çenli uzalypdyr. Şol döwürler söwda kerwenlerini daşky çozuşlardan goramak üçin gum içinde serhet diňlerini hem gurupdyr. Diwarlar daş plitalar, daş we kerpiç bilen örtülipdir. Bu diwaryň ýumrulan ýerleri bilen birlikde umumy uzynlygy 8851 kilometre barabardyr. Häzir ýumrulman galan diwaryň uzynlygy bolsa 2500 kilometr töweregidir. Diwaryň aglaba ýeriniň beýikligi 4-6 metr töwergi bolup, galyňlygy 7 metrdir. Beýik Hytaý diwarynyň her 200 metrinde gözegçilik edilýän diňleri bolupdyr.

Beýik Hytaý diwaryny hytaýlylar, Oguz kowumlarynyň çozuşlaryndan goranmak üçin gurupdyrlar. Esasanam, Hun türkmen döwletiniň çozuşlaryna garşylyk görkezip bilmeýändikleri üçin gurupdyrlar. Diwaryň gurulmagynyň ýene-de bir maksady uruşlardan gaçyp gidýän hytaýlylaryň gaçmagynyň öňüni almak üçin gurupdyrlar. Bu taryhy ýadygärlik 1986-njy ýylda bütindünýä mirasynyň ÝUNESKO tarapyndan ýöredilýän sanawyna goşuldy. Bu desga 2007-nji ýylda “Dünýäniň ýedi täsinlikleri”-niň sanawyna hem goşuldy.

Kemal DÖWLETÝAROW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu