SliderŽurnalistiň sahypasy

Dil – döwlet, dil bilmek – döwletlilik

07-01-2023 / 10

Adamlaryň ýüregine, kalbyna ýol salyp bilýän, dünýäniň halklaryny bir-birine ýakynlaşdyrýan, bilimlere giň ýollary açýan dil baýlygymyzy ösdürmek biziň her birimiz üçin örän möhüm wezipedir. Dil öwrenmek, daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleri ýetişdirmek barha we barha pajarlap ösüp barýan döwrümiziň talabydyr.

Geçmişde nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň, türkmen ylmy işgärleriniň, syýahatçylarynyň onlarça dili suwara bilendikleri taryhy çeşmelerde agzalýar. Şu günki ýaşlarymyzyň arasynda hem şeýle köp dil bilýän «poliglotlaryň» kemala gelýändigini ynam bilen aýdyp bileris.

Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini öwrenmekde we öwretmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýetini hiç zada deňäp bolmaýar. Ýaşlar islendik meselede özüni gyzyklandyrýan sowallara jogap tapmak üçin internete ýüz tutýarlar. Internet tory – dünýä dillerini öwrenmek üçin ygtybarly çeşme. Onlaýn sözlükler we terjimeçiler, wideo-sapaklar, programmalar, ýaş öwrenijiler üçin dürli dillerdäki sowal-jogap sahypalary, dil öwrediji prezentasiýalar has kämilleşýär, san taýdan artýar. Indi wagtyňy sarplap, menzil söküp, uzakdaky kitaphana gitmegiň, nobata durmagyň asla hajaty ýok. Saňa «Türkmençe-iňlisçe gepleşik kitaby» gerekmi? Baş üstüne! Telefonyňy ýa kompýuteriňi aç-da, gir internete. Müňlerçe kitap seniň hyzmatyňda!

Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeler daşary ýurt dilleri boýunça hünärmenleri öz işine ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşmäge borçlandyrýar. Şu nukdaýnazardan, dilçi mugallymlar sapaklarda okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryndan, okuw-görkezme esbaplaryndan ýerlikli peýdalanýarlar. Munuň özi daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrýar, dil öwrenýänleriň netijeli okuw-döredijilik işini almagyny üpjün edýär.

Hawa, dil – üstünlik getiriji çeşmeleriň biri. Geliň, ýaşlykdan daşary ýurt dillerini öwrenmäge çalşalyň! Çünki, aýdylyşy ýaly, «Ýaşlykda alnan bilim – daşa oýulan nagyş».

Mähriban ROZYÝEWA,
Saýat etrabynyň 44-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu