
Türkmen diliniň egsilmez söz baýlygyny toplamak, olaryň dürli many öwüşginlerini seljennek möhüm wezipe bolup durýar. Şeýlelikde, türkmen diliniň durnukly söz düzümlerini ylmy taýdan öwrenmeklige aýratyn üns berilýär.
Ýedi derýanyň suwuny içen — aňlatmasy «diýseň mekir, durmuş tejribesi uly, etjegi içinde, köpügören, köp çarşenbäni başyndan geçiren» diýen ýaly manylarda ulanylýar.
Pikir derýasyna gark bolmak — söz düzümi çuňňur oýlanmak, bütin durkuň bilen oýa batyp, pikirlenmek ýaly manylarda ulanylýar.
Gam derýasyna gark bolmak — durnukly söz düzümi gam-gussa batmak, gamgyn bolmak ýaly manylary aňladyp gelýär.
Pikir derýasynda ýüzmek — çuň pikire gitmek, irginsiz, köp pikir etmek ýaly manylary aňladýar.
Derýa ýaly giň — adam babatynda aýdylýan aýtgy. Sähel zada gahary gelmeýän, sowuk ganly, geçirimli, darykmaýan, parasatly, belent adamkärçilikli, edepli adam.
Nuhuň tupany — Nuh pygamberiň döwründe dünýäni suw-sil aldyran tupan. Bu durnukly anlatma, birinjiden, türkmen diliniň deňizçilik leksikasynda güýçli tupanyň turmagyny aňladýan bolsa, ikinjiden, gadymy döwre degişli gürrüňler bilen baglanyşykly ulanylýan durnukly aňlatmadyr.
Apy-tupan gopmak — durnukly aňlatmanyň birinji manysy tozanly ýa-da ýagynly güýçli ýeli, harasaty, elhenç gaýy aňladýan bolsa, onuň ikinji manysy göçme manyda ulanylyp, adamda ýüze çykýan içki güýçli howsalany aňladýar.
Taýýarlan: Laçyn AŞYROWA,
Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.



