
3-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahata ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçy düzümi we köp sanly işgärleri, sungat ussatlary, şeýle-de ugurdaş bilim ojaklarynyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Çykyşlara giň orun berlen, aýdym-sazlara beslenen maslahat Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dabaraly medeni çärelerine özboluşly badalga boldy. Onuň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
«TürkmenGazet».



