Habarlar

Täze ýylda ilkinji doglan çaga Bagtyýar diýip at goýdular

03-01-2023 / 14

«Türkmenistan» gazetinde habar berllişi ýaly, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde täze ýylyň gadam goýan ilkinji minutlarynda olaryň ogul perzentleri dünýä indi. Bu oglanjyk täze, 2023-nji ýylda ýurdumyzda ilkinji dünýä inen çagadyr.

Öz ady bilen bile dünýä gelen oglanjygyň ata-enesiniň begenjiniň çägi ýok. Olar ýurdumyzda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen şygaryndan ugur almak bilen, täze ýylda ilkinji bolup dünýä inen ogullaryna Bagtyýar diýip at goýdular. Kiçijik Bagtyýar Mommadowlaryň döwletli maşgalasynyň üçünji perzendidir.

Doglan ogul bäbejigiň agramy 3 kilogram 840 gram, boýy 53 santimetr ölçeglerde bellige alyndy. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, onuň ýagdaýlary kanagatlanarly. Bäbejige we onuň ejesine lukmanlar, şepagat uýalary tarapyndan hemme degişli gözegçilik işleri öz wagtynda geçirilýär.

Oglanjygyň ata-enesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen sowgatlary gowşuryldy we Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gutlaglar, iň gowy arzuwlar aýdyldy. 

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu