2023-nji ýylyň ilkinji gününde baýramçylyk günleri mynasybetli paýtagtymyzda bolýan Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde gurulýan desgalar bilen tanyşmaga bardylar. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady kuwwatynyň aýdyň beýany bolan täze şäheriň aýratynlyklaryny halkara jemgyýetçilikde giňden wagyz etmekde, onuň açylyş dabarasyna daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça berlen tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirmegiň ýolunda möhüm waka öwrüldi.
Ýeri gelende, türkmen diplomatlarynyň 29-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Arkadag şäheri — dünýäniň şähergurluşyk taslamasynyň milli nusgasy» ady bilen geçirilen maslahata gatnaşandyklaryny hem aýtmak gerek. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň guramagynda geçirilen bu maslahatda-da Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine «Arkadag» adynyň berilmegi, onuň çäginde gurulýan desgalaryň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň edildi. «Arkadag şäheri Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallalarynyň, gurluşyk we binagärlik babatda ýiti zehininiň ajaýyp miwesidir» diýip, çäräniň dowamynda çykyş eden ilçiler öz wekilçilik edýän ýurtlarynda bu iri «akylly» şäher taslamasyny wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirjekdiklerine ynandyrdylar.
«TürkmenGazet».