
Güneşli ülkämizde Täze ýyl baýramynyň uly dabaralar bilen bellenilýän günlerinde paýtagtymyzyň eteginde täze Arkadag şäheriniň döredilmegi türkmeniň şan-şöhratyny ýene bir gez belende galdyrdy.
Täze şäheriň düýbüni tutup, üç ýyldan gowrak wagtyň içinde belent-belent ymaratlary galdyrmak ýeňil iş däl. Emma biziň gurluşykçylarymyz bu işiň abraý bilen hötdesinden geldiler. Bu günki gün biri-birinden owadan, kaşaň binalar toplumy emele geldi.
Täze şäheriň bina edilmeginiň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz tagallalary, binagärlik başlangyçlary ýatyr. Şu sebäpli täze şähere Arkadag adynyň dakylmagy biziň her birimiziň ýürek arzuwymyz. Gurmak, döretmek diňe gurply, kuwwatly döwlete başardýar. Arkadag şäheri — döwletliligimiziň altyn şuglasydyr. Özgerişiň, bagtyň, buýsanjyň mukamydyr.
Ynha, halkymyzyň hakydasynda we şöhratly taryhymyzda öçmejek yz goýan ýene-de bir ýyl bilen hoşlaşyp, ýene-de täze maksatlara, belent sepgitlere — ömür menzillerimiziň ruhumyzy göterýän täze bir tapgyryna gadam goýduk. Umyt-arzuwlarymyza ganat bagladyp, şatlyk-şagalaňa dolup gelen Täze ýyl müň dürli öwüşgini, ýakym-ýaraşygy bilen bizi çensiz begendirýär. Göz öňüňde arzuwlaryň wysal bolýarka, durmuş has süýjeýär, manysy baýlaşýar.
Laçyn AGALYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.