Halkymyz bilen agzybirlikde çekilýän zähmetiň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Arkadagly Serdarymyz, Gahryman Arkadagymyz her maşgalanyň, her bir ynsanyň bagtyýarlygyna, abadançylygyna gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýär. Biz muny durmuşymyzda bolup geçýän özgertmelerden hem göz ýetirýäris.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda ähli türkmen halkyny Täze ýyl baýramy bilen gutlap, öz oý-pikirlerini goşgy setirlerine geçirendigini aýdyp, täze döreden «Dowam bolsun!» atly goşgusyny okap berdi. Bu ajaýyp goşgy ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy.
Giň jahanda dostluk berkäp,
Şatlyk-gülki, owaz bolsun!
Türkmeniň döwletli ýoly
Ak geljege dowam bolsun!
Bu setirler döwrümiziň beýik işlerinden ruhlanyp, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny galkyndyrmaga, hemişelik Bitaraplygyny beýgeltmäge, ýurdumyzyň gülläp ösüşine mynasyp goşant goşmaga borçly edýär. Sebäbi bu ýurtda adam hakdaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr.
Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp goşgusynda heňňamyň hakydasyny ýyllardan düzülen kerwene meňzedip, durmuşy kitaba, her bir ýyly bolsa şol durmuş kitabynyň täze sahypasyna meňzedýär. Bu ajaýyp goşgy setirleri şygryýet muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu ajaýyp goşgynyň ildeşlerimiziň internet ulgamlaryndaky şahsy sahypalarynda gyzgyny bilen paýlaşmagy bolsa, döwrümiziň şygryýet muşdaklarynyň sanly ulgamyň ösen döwründäki mümkinçilikleri ussatlyk bilen peýdalanýandygyny görkezdi.
Janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun! Ajaýyp şygyrlara teşne kalplaryň melhemi bolan ylhamyňyz egsilmesin, Gahryman Arkadagymyz!
Şöhrat JODYÝEW,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň bölüm müdiri.