Siziň üçin...Slider

Towşan ýylynyň ýorgudy

02-01-2023 / 15

2023-nji ýyl gündogar senenamasyna laýyklykda, towşan ýylyna gabat gelýär. Dünýä halklarynyň ynam-ygtykadyndan, yrymlaryndan gözbaş alyp gaýdýan bu gadymy däpde ynsan bilen ony gurşap alan barlygyň, tebigatyň, janly-jandarlaryň özara baglanyşygy, sazlaşygy şöhlelenýär.

Towşan hytaý halk döredijiliginde Aý melikesiniň ýardamçysy hasaplanýan bolsa, afrikadaky halklaryň folklorynda paýhasly, mekir jandar hökmünde suratlandyrylýar. Budda ygtykady bilen baglanyşykly rowaýatlarda bu jandar ýagşylyk ugrunda edilýän pidakärligiň we hoşgylawlygyň nyşany, tibet halkynda şowlulygyň buşlukçysy, ýagşy niýetleriň çapary hökmünde kabul edilendir.

Halkymyzyň çarwa hasabyna görä, towşan ýyly daýhanlar üçin hasylly, rysgal-bereketli ýyl hasaplanýar. Towşan juda köpelgiç jandardyr. Şol sebäpli hem, bu ýyl maldarlar üçin has düşewünt getirjek ýyllaryň biri bolar.

Gündogar senenamasyna görä, ýylyň tumary gara reňkli suw towşany hasaplanýar. Suw – hereketi, dowamly işjeňligi we irginsiz ymtylyşy alamatlandyrýar. Towşan ýyly yhlaslylygy we irginsizligi özüne hemra edinen adamlaryň ähli maksat-myratlarynyň ýerine düşjekdigini wada berýär. Bu ýyl her bir adama towşanyň häsiýetine muwapyk mylaýym, ýakymly duýgulary, täsirleri bagyşlar. Towşan maşgala bolup ýaşaýan jandar. Şonuň üçin hem maşgala gatnaşyklaryna, täze tanyşlyklara ähmiýet bermeli.

Täze ýylyň düşümli bolmagy, döwletli ojaklaryňyza, öýleriňize rysgal-bereket, bagt getirmegi, maşgalaňyzda abadan durmuşyň höküm sürmegi üçin penjiräniň öňünde towşanjygyň heýkelini goýmak maslahat berilýär. Baýram mynasybetli otaglar, Täze ýyl arçalary bezelende açyk, esasan hem, ýaşyl reňkli bezeglerden peýdalanyň! Otaglary otag gülleri, gül çemenleri bilen bezemek gowulyga ýorulýar. Baýramçylyk saçagyndaky gök, bakja önümleriniň we miweleriň bol bolmagy ynsan saglygy üçin hem peýdalydyr. Tanyş-bilişleriňiz, dost-ýarlaryňyz we maşgala agzalaryňyz üçin baýramçylyk sowgadyny taýýarlamak has möhüm ähmiýete eýedir. Birek-birege öý goşlary, ýüz görülýän aýna, ýassyk, gap-gaç toplumlary sowgat berilse, bu ýylyň baýramçylyk ruhuna has laýyk geler. Jaý satyn almak, öý gurmak, goş birikdirmek isleýänler üçin bu ýyl has düşümli bolar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu