
Tamamlanan 2022-nji ýylyň iň soňky pursatlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow ildeşlerimize Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlendi. Ähli ildeşlerimiz döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda bellenilişi ýaly, goý, täze ýyl parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, uly üstünlikleriň hem-de rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin! Täze ýylda siziň mukaddes maşgala ojaklaryňyza abadançylyk, agzybirlik ýar bolsun, bagtyýar günler dowamat-dowam bolsun!
«TürkmenGazet».



