1-nji ýanwarda Söwda-senagat edarasynyň zalynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi, onuň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Söwda-senagat edarasynyň zalynda gurnalan uly arçanyň ýanynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalary Täze ýyl baýramy bilen gutlamak üçin bu ýere Aýazbaba we Garpamyk hem-de ýetip gelen ýylyň nyşany towşanjyk, şeýle hem birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri geldiler.
Ýaş zehinli çagalar dabarada çykyş edip, öz döredijilik başarnyklaryny görkezdiler. Konsertiň ahyrynda ýaş zehinler Aýazbaba we Garpamyk, şeýle hem türkmen halk döredijiliginiň we dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlary bilen bilelikde çykyş etdiler.
«TürkmenGazet».