30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndaky ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy.
Köpetdagyň eteginde, ak mermerli Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän meýdançada ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň gatnaşmagynda köpöwüşginli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.
Bu ýerde baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýaş aýdymçylar, sazandalar, çagalar tans toparlary öz ukyplaryny we zehinlerini açyp görkezdiler. Ak lybaslary geýnen çagalar toparynyň çykyşlary Baş arçanyň ýanyndaky meýdança ak gar düşen ýaly görnüşi emele getirdi. Çagalaryň şatlyklary, gülküleri bu ýerde guralan dabaranyň owazlary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Çagalar folklor toparlarynyň çykyşlary, türkmen hem-de dünýä halklarynyň ertekileriniň, halk döredijilik gahrymanlarynyň keşpleri bu ýerde guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.
Bu ýerde guralan dabara gatnaşan çagalaryň hemmesine baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.
«TürkmenGazet».