Ählimize mälim bolşy ýaly, «Pantone» reňk instituty, her ýylyň ahyrynda geljekki ýylyň reňkini yglan edýär.
Her bir adam reňk boýunça abraýly institutyň kararyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Bu bildiriş, pudaklaryň reňkini saýlamaklarynda täsirli bolup, moda dizaýnlaryny hem sabyrsyzlyk bilen garaşmaga mejbur etdi.
Pantone – her reňk üçin alynjak garyndyny düzýän we reňk standartyny üpjün edýän katalog ulgamy. «Pantone» reňk instituty, dünýädäki köp pudak üçin reňk we maglumat berýän we bu ugurda işlemegini dowam etdirýän edaradyr. Mundan başga-da, reňkiň pantone aýratynlygy kompaniýalaryň köpüsiniň şahsyýetini we möhüm eserlerini döretmeginiň esasyny kesgitleýär.
Hünärmenler tarapyndan döredilen 2000-nji ýyldan bäri ýylyň reňkini kesgitleýän katalogyndan saýlanan reňkler ähli pudaklara jan berýär. Saýlanan reňk ýa-da reňkler, möhüm täsirlerini göz öňünde tutup, ýylsaýyn üýtgeýär. Gyzyl reňk spektrinde 2023-nji ýylyň reňki bolan «Magenta» tebigy boýag maşgalasyna degişlidir.
«Viva Magenta» -nyň Pantone reňk instituty «Adaty bolmadyk wagt üçin adaty bolmadyk kölege» diýip, şu ýylyň reňkine kesgitleme berýär. 2022-nji ýylda has durnukly reňk äheňleri saýlanylsa-da, kynçylyklary ýeňip geçip, indiki ýylda güýçli duýjak günlerimizi habar berjek bir reňkli äheňiň ulanylmagy pudaklara oňyn atmosfera goşar.
Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Gülşat ÇETILIÝEWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.