Bu baradaky çözgüt 29-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde kabul edildi. Mejlisiň ýolbaşçysy geljek 2023-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrmak baradaky çözgüt halkymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipler esasynda kabul edildi. Ýylyň ady iri jemgyýetçilik birleşiklerinde, zähmet toparlarynda, okuw mekdeplerinde, obadyr-şäherlerinde geçirilen maslahatlarda ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkymyz tarapyndan giňden goldanylan teklipler nazara alnyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň degişli Karary taýýarlanyldy.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine ýüzlenip, mälim bolşy ýaly, her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň beren maglumatyna görä, deputatlarymyzyň we halkymyzyň geljek ýylyň şygarydyr nyşanyny teklip edýändigini belläp, olary goldady hem-de tassyklady. Hormatly Prezidentimiz geljek 2023-nji ýylyň şygaryny «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilýändigini aýtdy.
Geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny metbugat we teleýaýlymlar arkaly halk köpçüligine ýetirmek tabşyryldy.
«TürkmenGazet».