Siziň üçin...Slider

«Gyzyl alma» – Täze ýyla sowgat

30-12-2022 / 13

Türkmen kinoçylaryň tomaşaçylara hödürlän täze «Gyzyl alma» filmi halkymyza Täze ýyl sowgady boldy. Oňa Hekim Alowow režissýorlyk etdi. Ýakynda bolsa «Aşgabat» kinoteatrynda täze filmiň ilkinji görkezilişi guraldy.

Film aw gözlegine çykyp, ajaýyp bir baga düşen Mergen atly ýaş awçy hakda gürrüň berýär. Bu ýerde ol tötänden bagbanyň gyzy Alma duşýar. Gyzyň gözelligine maýyl bolan ýigit bada-bat aşyk bolýar we çuňňur söýgüsiniň nyşany hökmünde oňa tumaryny berýär.

Mundan soň ýordum barha ýaýbaňlanýar. Iň gyzykly waka bolsa filmiň ahyrynda bolup geçýär. Tomaşaçylar üçin wakalaryň ýaýbaňlanyşyna we ýaş aktýorlaryň keşpleri ýerine ýetirişlerine tomaşa etmek gyzykly bolar. Baş gahrymanlaryň keşbinde Ahmet Amandurdyýew we Altyn Berdiýewa çykyş edýärler. Şeýle-de filmde Nazar bagbanyň keşbini Şyhmämmet Mollaýew, Eseniň keşbini Yhlas Islamow, Amanyň keşbini Atajan Bekiýew, Gerek ejäniň keşbini Baýramtäç Hojamämmedowa we Göwher ejäniň keşbini Göwher Muhammetgulyýewa dagylar ýerine ýetirdiler. Filmiň düýp mazmunyny ynsanperwerlik, sahawatlylyk, ynsan kowumyna hemaýat ýaly temalar düzýär we çeper suratlandyrylýar.

Täze film eseri Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde döredildi. Film ýurdumyzyň iň gözel, ajaýyp künjeklerinde surata düşürildi.

Filmiň ýordumy Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda berlen hekaýatlaryň biri esasynda surata düşürildi.

Laçyn GYLYJOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu