SliderŽurnalistiň sahypasy

Bala deňelýän nygmat

29-12-2022 / 23

Türkmen gawunlarynyň şan-şöhraty barada dünýäniň belli jahankeşdeleri we taryhçylary gyzykly maglumatlary galdyrmak bilen, bu nygmatyň diňe bir bu günki günde Türkmenistanda däl, eýsem gadym eýýamlardan bäri dünýä ýüzünde şan-şöhrata, gymmatbaha eýe bolupdyr.

Orta asyrlaryň köpsanly taryhy çeşmeleri we XVII-XIX asyrlaryň syýahatçylarynyň ýazgylary türkmen gawunynyň gadymdan bäri ýerli bazarlaryň önümleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna, Gündogaryň ýurtlaryna äkidilendigine şaýatlyk edýär. Merwiň, Horezmiň gawunlaryny arap halyflary Mamunyň we Wasihiň köşklerine zaýalanman eltilen halatynda her gawun üçin 700 dirhem töläpdirler. Bagdatda gant ýaly gawunlaryň dürli görnüşleriniň her biri 150 tylla ýa-da 700 kümüş pula barabar hasaplanypdyr. Gadym  döwürden bäri gawunlaryň gymmat baha eýe bolşy ýaly, edil häzirki döwürde-de dünýä döwletlerinde, esasan hem Ýewropa ýurtlarynda gymmat baha eýe bolýar.  

Orta asyrlarda Köneürgenje gelen arap syýahatçysy Ibn Batuta bu ýerde ýetişdirilýän gawunlara haýran galyp, ýazgylarynda: “… Gündogarda, musulman dünýäsiniň Günbatar sebitlerinde  hem şunuň ýaly gawunlara gabat gelmedim. Gawunyň paçagy gök, içiniň eti gyzyl bolup örän süýjüdir. Ony böleklere kesip, Günüň astynda guradýarlar we sebetlere salyp Hindistanyň hem-de Hytaýyň alyslarda ýerleşýän şäherlerine äkidipdirler. Guradylan ähli miweleriň içinde şeýle süýji tagamly iýmit ýokdur” — diýip belläp geçen bolsa, Lukman Hekim Aby Aly Ibn Sina hem türkmen gawunlarynyň dürli kesellere dermandygyny aýdyp, olary öz tebipçilik işinde  ulanypdyr.

Merkezi Aziýaly täjirler gawunlary Ýewropa  äkidipdirler. Ýöne gawuny barjamly, baý adamlar satyn alyp bilipdirler. Gawuny ýewropalylar diýseň gowy görüpdirler. Mysal üçin, Rim imperatory Klawdiý Alban ertirlik naharynda bir oturanynda 10 sany gawuna çenli iýipdir. XVII asyrda Fransiýanyň koroly Genrih IV hem gawunsöýüjileriň biri bolupdyr. Şirin-şeker türkmen gawunlary Soltan Sanjaryň, Baýram han Türkmeniň we beýleki türkmen hökümdarlaryň-da söýgüli tagamy bolupdyr.

Türkmenistanda gawunyň haýsy döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýändigi barada taryhy maglumatlar bar. VII-VIII asyrlarda demirgazyk Türkmenistanda ekerançylygyň ösüp başlamagy bilen gawun-garpyz ýaly bakja ekinleri hem ekilipdir. Irki IV-VIII  orta asyrlarda Etrek derýasynyň aşak akymlary Maşady Missirian oazisinde hem gawun-garpyz we beýleki ekinler ekilipdir.

Kümüş GURBANBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu