28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň «Gurtly» ýaşaýyş toplumynda täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de söwda, medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň web-sahypasynda habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň oktýabryndaky degişli Buýrugyna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmagynda 91,06 gektar ýer böleginde bina edilen desgalaryň gurluşyk işlerini ýerli hususy kärhanalaryň hem-de hojalyk jemgyýetleriniň 40-synyň alyp barandygyny bellemek gerek. Toplumyň çägindäki täze binalaryň hatarynda 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 62-si, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, söwda we medeni-dynç alyş merkezi, 2 gatly söwda dükanlarynyň 10-sy, şeýle-de bazar bar.
Täze ýaşaýyş jaýlary jemi 3 müň 70-e golaý hojalyga niýetlenendir. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda döwrebap öýleriň açaryny eline alan bagtyýar ildeşlerimiz bu ýerde oňaýly ýaşamak üçin ähli amatlyklaryň we zerur şertleriň göz öňünde tutulandygyny belleýärler.
«TürkmenGazet».