2022-nji ýyly uly üstünliklere, şan-şöhrata beslän halkymyz Täze ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam goýýar. Tamamlanýan ýyl halkymyzyň durmuşynda rysgal-bereketli ýyl boldy. Nesip bolsa, täze 2023-nji ýylymyz hem ýurdumyz üçin uly ösüşleriň, täze üstünlikleriň we beýik maksatlara tarap bedew bady bilen öňe okgunly hereket etmegiň, rysgal-berekediň ýyly bolar.
Täze ýylyň öwüşginleri bolsa gyşy has şuglalandyrýar. Onsoň, bendiwan köňlüň gözellige teşne durky hakyky tebigy nagyşlar bilen keşdelenýär. Howalaly asman hökmürowan demi bilen tebigata ýapynja ýapanyna buýsanýan ýaly, töwerege göwnühoş bakyp dur. Ümsümligiň girdabyna gark bolan tebigatyň agras dymyp durşy köpi gören gojanyň nazarkerde keşbine çalym edýär.
Täze ýyl geldi. Bu owadan baýramçylyk kalbymyzyň törüne iň naýbaşy duýgulardan keşde çekdi. Ynsanlaryň köňlüniň gözelligi olaryň didelerinde şuglalanypdyr. Birek-birege aýdylýan hoşniýetli sözler dünýämize zer şugla çaýdy. Kalbymyz erteki täsinliklerine maýyl. Täze ýylda bolsa şol melul bolup köňül berýän ähli täsirli we täsin pursatlar näçe diýseň bar. Müň bir öwüşginli arçasy bolan Täze ýyl törümize, ömrümize tükeniksiz şatlyk ülüşleri bilen girdi. Dahanymyzdaky ajaplyga ýugrulan sözler sünnä bilen ýasalan monjuk kimin, şeýle bir owadan ýaňlanýar welin, hoşuňa gelsin…
Hawa, Täze ýyl altyn arzuwlaryň dür kimin şuglalara öwrülip Arşa göterilip, gözellik bolup Zemine inýän baýramçylygy. Hut şonuň üçinem bu baýramçylykda arzuwlarymyzyň çygryny giňeldip, umytlarymyzyň çägini aýryp, wysala aýratyn orun bermek gerek. Syrap ýagýan garyň tozgasy diýjekmiň, hoş sözlere melul bolan arçanyň Asman giňişligine darkaş gurup durşy diýjekmiň, körpejeleriň dünýäni unudyp şatlanyşlary diýjekmiň, adamlaryň birek-birege ýakymlylygyny diýjekmiň, garaz, Täze ýylyň täsinligi kalplara nur çaýýar. Onsoň, iň ýagşy pursatlara jadylanyp, ylhamyňa bat berip, galamyňy ýörediberesiň gelýär. Iň owadan sözlerden söz çemenini bogup, ynsanlaryň paýhas ummanyna paý goşmak ugrunda yhlas edýärsiň.
Goý, Täze ýyl, arzuwlarymyzyň kerwenbaşysy bolan iň arzyly isleglerimiziň amal edilýän, ömürlerimiziň kuýaşyny has nurlandyrýan ýyl bolsun! Täze — 2023-nji ýylyňyz gutly bolsun!
Maýsa ATAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 37-nji çagalar bagynyň müdiri.