Uly-kiçi hemmeleriň söýgüli baýramy bolan Täze ýyly şatlykly garşylamak, birek-biregi mähirli gutlamak adaty hemmämize mahsus. Çünki bu baýram köňülleri joşduryp, ynsanlara ruhubelentlik eçilýär. Şu günler halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrmak maksady bilen, ýörite taýýarlanan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.
Ýurdumyzyň hususyýetçileriniň öndürýän ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa konditer we süýji önümlerinden ybarat bolan sowgatlyklary alan ildeşlerimiziň göwünleri galkynyp, zähmet gadamlary batlanýar. Zähmetkeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny artdyrýan bu asylly çäreler welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň hemmesinde hem guralýar. Ildeşlerimiziň arasynda uly islegden peýdalanýan, dürli tagamly süýji-köke önümlerimiz bagtyýar maşgalalaryň baýramçylyk toý saçaklarynyň bezegine öwrülýär.
Süýjüliklerden doly baýramçylyk sowgatlaryny alan asuda Watanymyzyň bagtyýar raýatlary döwrebap şertlerde işlemek, çeken zähmetiň hözirini görüp ýaşamak üçin şeýle giň şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarlar.
Jumagül AMANOWA,
Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.