Ol ― bizi çybyksyz hem çyzgyçsyz, käýinçsiz hem gaharsyz, wagtyna ýa-da öwezine hiç bir tölegsiz öwrenmegi mejbur edýän mugallym. Olaryň ýanyna barsaň, olar hiç mahal uklamaýarlar. Olardan nämedir bir zat sorasaň, ýaltanyp gaçyp gitmeýärler. Ýalňyşsaň olar seniň üstüňden gülmeýärler. Kim özüni hakykatyň, bagtyň, hatda ynanjyň tarapdary hasap edýän bolsa, ol hökman onuň ― kitabyň hem ýarany bolmalydyr.
***
Kitap adamyň akylyny ýiteldýär, ýüregini rehimli edýär.
***
Adamzat üçin kitap edil oňa ýadyň gerek bolşy ýaly zerurdyr.
***
Okamak akyllynyň aňyny ösdürýär, samsyklyk bolsa adamy has-da sandan çykarýar. Edil şonuň ýaly, Günüň şöhleleräm sagat göze peýdaly, näsag göze zyýanly täsir edýär.
***
Töweregiňde kitaplaryň bolmagy iň gowy dostlaryň arasynda bolmak bilen deňdir.
***
Bu ýaşaýşyň, durmuşyň ähli lezzetinden isledigiçe peýdalanyp bilýän adamlar hem özleri üçin iň bagtly pursatlary diýip kitaplar bilen ikiçäk galmagy saýlaýarlar.
***
Kitap garyp külbäni danalyk köşgüne öwürýär. Belli bir derejede kitap bize hakyky durmuşyň özüne görä-de has täsirli duýgy berýär. Sebäbi beýan edilýän zat, käte tebigatyň özündenem ajaýyp görünýär.
***
Kitap 1 ýylyň içinde bize özümiziň durmuşdan alan 20 ýyllyk tejribämizden köp zady öwredip bilýär.
***
Okajak kitabyňy saýlamak hem özüňe dost saýlamak ýaly gaty jogapkärli işdir.
***
Kitaplardan has köp lezzet almak üçin biz olary güýmenje ýa göwnüňi açmak niýetinde däl-de, bir zatlar öwrenmek, bilimimizi artdyrmak niýeti bilen okamaly.
***
Bir sagadyny ýagşy we gyzykly kitap bilen geçiren adamyň birazajyk gowy we bagtly bolmadygy ýok.
***
Oňat kitaplar kändir. Şolary okan her bir adamyň kalby päklenip, ruhy göteriler.
Taýýarlan Saida AÇYLOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň mugallymy.