Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik, jadyly baýramçylyk. Sebäbi täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara beslenýär. Täze ýyl baýramy maşgala baýramçylygydyr. Täze ýyl – bu ýyl senenamasynyň esasy baýramçylyklarynyň biridir. Bu baýramçylyk dünýäniň ähli künjeklerinde diýseň şagalaňly bellenip geçilýär. Öz senenamalaryny millileşdirip ulanýan medeniýetleriň köpüsinde Täze ýyl baýramçylygyny bellemeklik örän möhüm çäreleriň biri bolup durýar.
Täze ýylyň 1-nji ýanwary ilkinji gezek Rim hökümdary Ýuliý Sezar tarapyndan b.e.öňki 46-njy ýylda döredilipdir. Gadymy Rimde bu gün – täze başlangyçlaryň hudaýy bolan Ýanusa bagyşlanypdyr. Ýanwar aýy özüniň adyny şol Ýanus hudaýdan alypdyr, sebäbi bu aýy ilki şekillendirilende hem onda Ýanus Hudaýynyň iki tarapa seredip durşuny goýupdyrlar, ýagny öňe we yza. Grigiorýan senenamasy boýunça köp ýurtlarda täze ýyl ýanwar aýynyň birinden başlanýar. Täze ýyl sagat guşaklygy boýunça Ýuwaş ummanyndan başlanýar we ilkinji bolup täze ýyly Laýn adasynyň Kiribati Respublikasy garşylaýar. Täze ýyly soňkylaryň hatarynda bolsa, Amerikanyň Somoa, Midueý we Niue adalary garşylaýar. Şol wagt Kiribati Respublikasynda eýýäm ýanwar aýynyň 2-si bolýar.
Ilkinji gezek ýanwar aýynyň birinden täze ýyl b.e.öň 153-nji ýyldan bäri bellenilip başlanypdyr. Sebäbi şol gün Rim wekilleri öz işlerine girişipdir. B.e. öň 46-njy ýylda Rim hökümdary Ýuliý Sezar özüniň «ýulian» senenamasyny resmi taýdan b.e.öň 45-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda tassyklaýar. Şol wagt Sezaryň hökümdarlygynda hem-de astrologiýanyň täsirinde «Täze ýyl» özüniň ýylyň başlanýandygyny aňladyp, raýatlyk ýylynyň döremegine getiripdir. «Hijri täze ýyly» yslam medeniýetinde yslam täze ýyly hökmünde giňden tanalyp, ol täze ýyly hökmünde baýram edilýär. Musulman senenamasynyň aý senenamasy sebäpli, täze ýyl ýyldan ýyla geçiş baýramy hökmünde bellenilýär. Ýylyň ilkinji güni musulman senenamasynyň ilkinji aýy bolan Muharram aýynyň ilkinji günüdir.
Bilşimiz ýaly, dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda, biziň Türkmenistan döwletimizde hem Täze ýyl baýramçylygy her ýylyň 1-nji ýanwarynda bellenilip geçilýär. Ýanwar aýynyň 1-i- grigorýan we täze grigorýan senenamasy boýunça täze ýyl. Ýanwar aýynyň 1-i we fewral aýynyň 21-i aralygy – Hytaý täze ýyly. Mart aýynyň 21-22-si – musulman halklarynyň täze ýyly. Sentýabr aýynyň 5-inden oktýabr aýynyň 5-i aralygynda – ýewreý halklarynyň täze ýyly.
Taýýarlan: Güller MUHAMOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 5 ýyl talyby.