
Gadym döwürlerde uly bir şäheriň adalatly, parasatly hany bolupdyr. Ol durmuşda gabat geläýmegi mümkin bolan ýagdaýlar bilen baglanyşykly meseleleri orta atyp, köşk emeldarlaryndan ýeke-täk dogry çözgüdi tapmaklygy talap eder eken.
«Diňe gözüň görenine ynanmalymy ýa–da eşideniňe-de ynanmak bolýarmy?» diýip, han nobatdaky ýygnanyşyklaryň birinde emeldarlaryna ýüzlenipdir.
«Diňe gözüň bilen göreniňe ynanmak bolar» diýip, baş maslahatçy bada-bat seslenipdir. Aglaba köşgüň köpçüligi baş atyp, onuň pikiri bilen ylalaşýandyklaryny tassyklapdyr.
Şol ýygnanyşykda hanyň atasyna-da hyzmat eden bir garry bir maslahatçy bar eken. Ol gulagy agralandygy sebäpli soraga dogry düşünmän töweregine garanjaklap, golaýyndakylardan täzeden gaýtalamagyny sorapdyr.
«Durmuşda diňe öz gözüň bilen göreniňe ynanmalymy?» diýýärler diýip, gojanyň golaýyndaky adamlaryň biri oňa ýagdaýy düşündiripdir.
«Ýanyňda şaýadyň bolmasa, gözüň görenine-de bada-bat ynanmaly däl» diýip, goja bir zatlary düşündirjek bolupdyr. Ýöne onuň pikirini goldan bolmandyr.
Durmuşda diňe gözüň bilen göreniňe ynanmaly diýen pikire gol ýapyp, maslahaty jemläpdirler. Köpçilik dagansoň hanam ýatýan otagyna dolanypdyr. Hanyň aýaly bilen bolýan otagyna serenjam berýän hyzmatkär ýigit ýorgan-düşekleri ýazypdyr. Uzakly gün aýak üstünde durup, halys ýadawlyk basmarlan ýigdekçäniň dem salym düşekçäniň bir gyrasynda gyşaryp, bilini ýazasy gelipdir. Şol demde-de agyr uka gidipdir. Hanyň aýaly gelip, kimiň ýatanlygyna ünsem bermän, sypanyň beýleki çetinde uklap galypdyr. Az salymdan hanam bu ýere gelipdir. Görse bir düşekçede iki göwre ýatanmyşyn. Gany depesine uran han bada-bat bilindäki hanjaryna elini uzadypdyr. Şol demde-de garry maslahatçynyň «Ýanyňda şaýadyň bolmasa, gözüň görenine-de bada-bat ynanmaly däl» diýen sözleri ýadyna düşüpdir. Şaýat tapylaýmazmyka diýen pikir bilen, hanjaryny gynyna salyp bir gyra çekilipdir. Şol pursatda uklap ýatan ýigdekçe oýanyp, howsala düşüp, gözüni tegeläp ylgap jaýdan çykyp gidipdir.
Şeýlelikde, «Dünýäde bihal aýdylan zat ýok eken» diýip, han aga nähak gan dökmekden saklananyna şükür edipdir.
Terjime eden: Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



