SliderTagamlary taýýarlamak

Üzümli doňdurma

25-12-2022 / 24

Häzirki döwürde sosial ulgamlarda ýygy-ýygydan görýän iýmitlerimiziň biri-de üzümli doňdurmadyr. Eýsem, üzümli doňdurma nähili taýýarlanylýarka?

Öýde doňdurma ýasamak biraz kyn bolup biler. Ynha, doňdurma bolan islegiňizi kanagatlandyrjak resept.

Gerekli önümler:
Bir käse üzüm (islän görnüşiňizdäki üzümi saýlap bilersiňiz ýöne çigitsiz üzümi saýlasaňyz iýmek has ýeňil we tagamly bolup biler);
Ýarym limon;
1 nahar çemçesi granulirlenen şeker.

Taýýarlanylyşy:

Üzümi baldaklaryndan aýryp, gowy edip ýuwuň we guradyň. Soňra ýarym limony gysyp, üstüne 1 nahar çemçesi granulirlenen şeker sepiň we doňduryjyňyza salyň.

Doňdurylan üzümiňiz 2 sagadyň içinde taýýar bolar!

Bu reseptden başga-da, doňan üzümiňize dürli tagamlary goşup bilersiňiz. «Çia» diýlip atlandyrylýan tohumlaryny üzüme sepip, bu görnüşde-de doňduryp bilersiňiz. Reseptleri tagamyňyza we hyýalyňyza görä tapawutlandyrmak öz eliňizde.

Eger-de, siz hem üýtgeşik lezzetli bir önüm iýjek bolsaňyz, onda bu resepti taýýarlap görüň!

Rozygül ALLAKULYÝEWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu