Siziň üçin...Slider

Täze ýylyň şatlygy

24-12-2022 / 12

Täze  ýyl – hemmeleriň  söýgüli  baýramy. Şu  baýramçylyk  golaýlaýaram  welin, uly-kiçi hemmeleri ýakymlyja duýgular gurşap alýar.

Aýazbaba, Garpamyk, sowgatlar  hakyndaky şirin arzuwlar, ýagşy umytlar  kalplara  dolýar. Ýylboýy  şu  baýramçylyga  sabyrsyzlyk  bilen  garaşan  arçalar  bezemen  kaşaň  lybaslaryny  geýýärler, jäjeklerini  dakynyp, täze ýyly garşy alýarlar. Täze  ýyl  aýdymlary, şirin  arzuwlar  ýaňlanyp  başlaýar.

Täze  ýyl  baýramy  ähli  ynsanlarda, aýratyn hem bagtyýar çagalarda uly joşgun döredýär. Ýurdumyzyň  ähli  ýerlerinde dürli öwüşginli yşyklar bilen bezelen  arçalar, täze  ýyl  bezegleri, dürli  ertekileriň  we  multfilmleriň  gahrymanlary  halkymyzyň  we  körpeleriň  baýramçylyk  şatlygyny goşalandyrýar. Aýazbabadyr  Garpamyk  körpeler  bilen  el  tutuşyp täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanýarlar. Aýazbaba  çagalara  sowgatlary  paýlap, olary  begendirýär. Täze  ýyl  arçalarynyň  töwereginde  çagalaryň  bagtyýarlygy, mähriban  Arkadagymyzyň  körpeler  hakynda  edýän  bimöçber  aladalary goşgularydyr  aýdymlarda, şadyýan  gülkülerde belentden  ýaňlanýar.

“Älem”  medeni  dynç  alyş  merkeziniň  öňünde  bezelen baş arçanyň hem-de  ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli öwüşgine beslenen arçalaryň töweregi baýramçylyk  günlerinde  diýseň  köp  adamly. Bu  ýere  gelen  raýatlaryň   ýüzlerinde  täze  ýyl  şatlygy, geljekki  ýyla  bolan  umyt  we  bagtyýar döwrümize bolan  ümmülmez  buýsanç  duýulýar.

Täze 2023-nji ýylymyz halkymyz  üçin  ýagşy  arzuw-niýetleriň  hasyl  bolýan  ýyly bolsun! Ýurdumyzda uly üstünlikleriň gazanylýan ýyly bolsun! Her bir raýatymyza  bagt, üstünlik we rowaçlyk  getirsin! Bedew bady  bilen  öňe  barýan  eziz  Diýarymyzyň  beýik  ösüşleri  dowamat-dowam  bolsun!

Döwletmyrat ANYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu