2022-nji ýylda dünýäde ykdysady taýdan has ösen döwletleriň sanawy düzülende sanawyň başynda 22 trillion 998 milliard dollar söwda dolanyşygy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary durýar. Ikinji orunda bolsa, 17 trillion 458 milliard dollary bilen Hytaý Halk Respublikasy durýar. Bu iki sany ykdysady ägirtden soňra dünýa boýunça üçünji ýerde 5 trillion dollar bilen Ýaponýa durýar. Degişlilikde Germaniýa, Angliýa soňraky orunlary eýeleýärler. Halkara reýtingler boýunça agentlik “Fitсh Ratings” dünýa ykdysadyýetiniň 2022-nji ýylda 5,7% ösmegine garaşýardy. Bu barada agentligiň sişenbe güni çap eden dekabr aýy boýunça Dünýä ykdysady çaklamalary atly hasabatynda bellenilýär. Bu görkeziji sentýabr aýy bilen deňeşdiriöende pesdir. Sentýabr aýynda kompaniýa dünýäniň jemi içerki önüminiň 6% ösmegini çaklapdy. Ösüş derejesiniň peselmegine garamazdan, “Fitсh” bu ösüşiň 1973-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijidigini mälim etdi. Reýting agentligi hyzmatlara islegiň gaýdyp gelmegi, güýçli maýa goýumlar netijesinde, harytlaryň üpjünçiliginiň ýokarlanmagy we maliýe ýardamlarynyň aýrylmagy bilen bahalaryň 2022-nji ýylda durnuklaşmagyna garaşyldy. Şeýle-de “Fitсh” 2022-nji ýyldaky dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi baradaky çaklamasyny 4,4%-den 4,2%-e çenli peseltdi.
Reýting 2019-njy ýyldan bäri her ýyl “Times Higher Education(THE)” Britan guramasy tarapyndan geçirilýär we neşir edilýär. THE Impact Rankings reýtingi – bu netijeliligiň ýeke-täk ählumumy sanaw belgisi bolup, şonda uniwersitetlere Birleşen Milletler Guramasynyň Durnuklu ösüş maksatlary boýunça baha berilýär.
Maral DURDYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.