
Dünýädäki iň uly kino we teleýaýlym önümçilik kompaniýalarynyň biri bolan «Warner Bros», Henry Kawillini «Supermen» -filminiň baş rolundan çykardy. Janköýerler bu habary eşiden badyna önümçilik kompaniýasyna nägileliklerini bildirdiler.
39 ýaşly Henry Kawill öz Instagramyn sahypasynda «Warneriň ýolbaşçylary Jeýms Gun we Piter Safran bilen ýakynda duşuşdym. Mundan beýläk «Supermen» filminde oýnamajakdygymy aýdandygyma diýseň gynanýaryn. Durmuş bu islendik zat bolup biler. Men bu karara hormat goýýaryn. Piter bilen Safrana işlerinde üstünlik arzuw edýärin» diýen ýazgyny paýlaşdy.
Alparslan ATAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.



