Siziň üçin...Slider

Ýyllar gelýär ýalkym bolup, nur bolup

24-12-2022 / 11

Toý-baýramlaryň  mekany hasaplanylýan gözel Diýarymyzda täze ýylyň toý döwresi hem muny dolulugy bilen tassyklaýar.

Ýokary guramaçylyga, baý mazmuna beslenýän dabaralar, joşgunly çäreler, ajaýyp bezegler bizi şeýle pursatlaryň dowamyna atarýar. Oňa jebislik, agzybirlik, millilik hem mahsus bolup, bitewülik binýadymyzy barha berkidýär. Bir supra jem bolan il-günümiz bilen döwletli ýyllary ýylgyryp garşylamagyň özünde uly many bar. Ol döwletimiziň berkararlygynyň, başymyzda Arkadagly Serdarymyzyň barlygynyň, gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatynyň durandygy bilen baglydyr. Şeýle sazlaşygyň, ajaýyp baglanyşygyň bolan ýerinde bolsa ýyllarymyzyň bereketli geljekdigine, rysgally dowam etjekdigine mäkäm ynanmaga haklydyrys. 

Daş-töweregiň baýramçylyk öwüşginleriniň milli häsiýetli  bolmagy hem bellärliklidir. Bu ýerlerde guralan arçaly meýdançalarda çagalaryň söýgili erteki gahrymanlary, täze ýylyň Gündogar senenamasy boýunça atlandyrylýan ýylynyň nyşanjyklary, sowgatlyklar, toý paýly horjunlar göze ilýär. Olaryň töwereginde aýdym-sazlar, şüweleňli çykyşlar guralyp, raýatlara ruhy lezzet paýlanýar. Bularyň özi paýtagtlylary we onuň myhmanlaryny toýly günleriň gujagynda owadan pursatlara besleýär, geljek senelere ynam bilen garamaga iterýär. Dogrusy, olar duýgulara täsir edýär. Adamlarda bu baýramçylyga bolan garaýyşy çuňlaşdyrýar, birek-birege mähir-muhabbet paýlaýar, gyş howasyna garamazdan, ýaz ýakymyny, tomus kibi kalp gyzgynlygyny döredýär. Çünki şu bezemenligiň, baýramlylygyň özi hormatly Prezidentimiziň bu baýramçylygy ýokary guramaçylykly bellemek, oňa ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly tabşyryklarynda hem tagallalaryndan gözbaş alýar.

Şu günler ýurduň ýüreginden ýaýylan öwüşginler tutuş Diýarymyzyň çäginde hem ýalpyldaýar diýsek hem ýalňyş bolmaz. Baş şäherimizde peýdalanylýan tejribeleriň tutuş Diýaramyzyň çäginde hem ornaşdyrylýandgyny bellemek hem ýakymlydyr. Munuň özi täze ýyly agzybirlikde, bitewilikde hem-de jebislikde garşylaýan türkmen halkynyň şahandazlygynyň, guramaçyllygynyň, şanly senelere uly ähmiýet berýändiginiň nyşanydyr.

Ýazberdi TOÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu