Ýöne bir uly däl,juda uly sen
Dag ogly, dag şiri Magtymguly sen.
K.Gurbannepesow
Magtymguly — bu bütin türkmenler üçin, damarlarynda türkmen gany joşýan çeper sözüň muşdaklary üçin iň mähriban, iň guwançly, iň buýsançly at. Belli rus gündogary öwrenijisi W.Bartoluň belleýşi ýaly, bütin Orta aziýa halklarynyň arasynda diňe türkmenlerde milli şahyr bolupdyr, ol hem Magtymgulydyr.
Gyrgyz halkynyň beýik ýazyjysy Çingiz Aýtmatow XVIII asyr Magtymguly Pyragynyň asyry diýip belläp geçdi. Bu hakykatdan hem şeýle. Orta Aziýada, Gündogarda, galyberse-de, tutuş dünýäde poeziýanyň altyn hazynasyna öz şygyrlary bilen girmegi başaran akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döreden goşgulary ýene-de birnäçe ýüzýyllaryň dowamynda okalmagyny dowam eder.
Magtymguly Pyragy özüniň jöwher paýhasyndan dörän şygyrlarynda esasan terbiýeçilik, watançylyk temalaryna uly üns beripdir. Türki halklarynyň hem şahyry hasap edilýän Magtymgulynyň goşgulary dünýä dilleriniň birnäçesine terjime edildi. Türkmenleriň asyllylyk, ynsaplylyk mirasyny nesillerden-nesillere geçirmek beýik söz ussadynyň galdyryp giden şöhratly mirasyny hemmetaraplaýyn çuňňur öwrenmäge hem-de olary dünýä ýaýmaga has-da giň mümkinçilikler döretdi.
2024-nji ýylda ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi şygryýet äleminiň ägirdiniň mundan beýläk-de tanalmagyna, goşgularynyň wagyz edilmegine getirer.
Hallygözel HANGELDIÝEWA,
Darganata etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.