SliderSöz içinde gelin-gyzlar bolanda...

Ýaşmakly gelin — ýaraşykly gelin

22-12-2022 / 15

Segseni sermeläp ýören enemiň gaýnagasy gelende hasyr-husur ýaşynşyny geň gören gyzlarym: “Enelerem bir ýaşynarmy? Gelnejeler ýaşynsa bolýar-a?!” diýşip jagyl-jugul boldular. Men olara: “Ýaşmak enelerden galan gadymy dessurdyr” diýsem-de, jogabymy ýüzleý görüp, bu barada ýandepderçäme bellik etdim. Birnäçe wagtdan soň Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” kitabyndan soragyma jogap tapyp, çagalyk döwrüme dolandym.

“Gelin gowusy ýaşmakly, gaýyn gowusy nikaply” diýýän atalar gelinlere tarap dikanlap garamasa-da, gelinler diňe bir gaýynlary däl, eýsem, özünden uly ýat erkek adamlary gördükleri hem ýaşmak ýaşynyp, ýüwürjisini ýa baldyzjygyny dilmaç tutunardylar. Erkekler hem zenana tiňkesini dikip durman, dilmaçlara seredip geregini sorardylar. Goňşy gyzjagazlar bilen oýnalanda hem hökmany suratda uly ýaglygy ýerden süýräp, ýaşmakly bolnardy.

Şu günlerde hem gaýynlary bilen bir ýerde zähmet çekýän, ýa toýlarda gutlag aýtmak isleýän gelinleriň gaýynlaryna hormat goýup, iň bolmanda, ýaglygyň çowuny dişläp durşuny göreňde, olara mähriň gidýär. Enelerimiz “Gelin agzyny ýaşyr, ýogsa sesi alaň aşar” diýmek bilen diňe gaýynatadan ýa gaýynagadan däl, eýsem, gaýyneneden hem ýaşynylsa, kähalatda ýaşlyk edip ýalňyşýan gelinleriň maşgalasynda agzybirligi saklamagyna oňyn täsir etjekdigini aýdypdyrlar.

“Ömrümiň manysy” kitabynda ýaşmagyň dört-bäş müňýyllyk taryhynyň bardygyny, ýaşmagyň diňe terbiýeçilik ähmiýeti däl, eýsem, saglyk üçin hem peýdasynyň uludygyny okap, peýdaly pendi-nesihatlary üçin Gahryman Arkadagymyza müň mertebe alkyş aýdanyňy duýman galýarsyň.

Gülzar BEKMURADOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu