Ýurdumyzda bazar bolçulygyny, harytlaryň köpdürlüligini döretmek, bahalarynyň elýeterliligini üpjün etmek babatdaky döwlet syýasaty raýatlarymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň kepilidir. Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli bazarlarynda, söwda merkezleridir nokatlarynda ilatymyza hödürlenilýän azyk we senagat harytlarynyň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilýändigini aýratyn nygtamak zerur.
Naz-nygmatlardan, miwedir gök önümlerden, dürli-dürli harytlardan doly ýurdumyzyň rysgal-bereketli bazarlary, söwda nokatlary halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş derejesiniň ýokarydygyny görkezýär. Täze ýyl baýramynda saçaklaryny dürli naz-nygmatlar, tagamlar bilen bezemek, ýakynlaryny, maşgala agzalaryny dürli sowgatlar bilen begendirmek isleýän raýatlarymyzyň ähli zerurlyklary ýurdumyzyň söwda edaralarynyň hödürleýän hyzmatlary bilen doly kanagatlandyrylýar.
Ter ýerli miweler, gök önümler, şeýle-de sitrus, tropik miweler we beýleki bakja önümleri hem raýatlarymyza elýeter bahalardan hödürlenilýär.
Täze ýyl arçalary, bezeg we sowgatlyk önümleri hem ilatyň uly isleg bildirýän harytlaryna öwrüldi. Täze ýyl söwdasyny edýän bagtyýar raýatlarymyz bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar ýurdumyzda döredilýän haryt bolçulygyndan, bahalaryň elýeterliliginden hoşaldyklaryny uly buýsanç bilen beýan edýärler.
Rahmanberdi NÖKEROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.