PsihologiýaSlider

Söýgi: haýsy dilde gürleýärsiň?

21-12-2022 / 38

Her adamyň söýgüsini beýan ediş usuly biri-birinden tapawutlanýar. Adamlaryň öz söýgüsini bildirmek üçin ulanýan dillerini öwrenmek, özüňizi we ýakynlaryňyzy has gowy kesgitlemäge kömek edip biler.

Söýgüniň ýekeje kesgitlemesi ýada ýekeje dili ýok. Söýgi dili – adamlaryň bu söýgini ýakynlaryna beýan etmegidir. Käbirleri öz söýgüsini sözleri bilen, a käbiri bolsa gözleri bilen beýan edýärler. Özüňiziň we sizi söýýänleriň söýgi dillerini öwrenmek iň gowusy bolup biler.

Tassyklama sözleri – eger-de siz öwgüleri, goldaw beriji (motiwasiýa) sözleri gowy görýän bolsaňyz, bu dilde-de gürläp bilersiňiz. Ýoldaşyňyza «Bu gün has owadan görünýärsiň» ýa-da «Men seniň şeýle mähirli bolmagyňy gowy görýärin» ýaly süýji sözleri ulanyp bilersiňiz.

Hil wagtyny sarp etmek – söýgi diliňiz wagt geçirmek isleýän bolsa, kimdir biri size doly üns bermek üçin wagt sarp edeninde özüňizi gowy görýärsiňiz. Iýip-içip otyrkaňyz ýa-da möhüm söhbetdeşlik geçireniňizde, ýoldaşyňyzyň telefonyny öçürmegine we bilelikde has köp wagt geçirmek üçin halaýan pursatlaryňyza garaşyp bilersiňiz.

Sowgat almak – sowgadyň aňyrsyndaky pikir üçin özüňizi gowy görýän bolsaňyz, bu siziň söýgi diliňiz bolup biler. Bu gündelik durmuşdaky ownuk zatlary öz içine alýar. Kiçijik bellikleri goýmak, taýyňyzyň halaýan kitabyny satyn almak üçin kitap dükanlaryna gitmek, has dogrusy şol barada pikirlenip nämedir bir zatlar almak  sizi hem-de söwer ýaryňyzy diýseň begendirip biler.

Hyzmat etmek – kimdir biri size kömek gerekdigini bilýär. Ýöne, köplenç ýagdaýlarda kömek etmek teklip edeninde  hökmany däl ýaly duýulýar. Siziň üçin möhüm zat bolsa, kyn ýagdaýa düşeniňizde size kimiň kömek etmek isleýändigini görmekdir.

Söýgi dilinde azajyk pikirlenmek bilen durmuşyňyzda uly üýtgeşmeler girizip bilersiňiz. Ýoldaşyňyz size kömek etmegine garaşyp bilersiňiz, ýöne muny aýtmazdan düşünmek biraz kyn bolup biler. Bu bolsa onuň seni halamaýandygyny aňlatmaýar, diňe dürli dillerde gürleýändigiňi we has gowy gürleşmegiň zerurdygyny görkezýär. Biri-biriňize nämäniň gerekdigini bilmek, gowy we erbet günlerde bile bolmaklygyňyzy aňsatlaşdyryp biler. Söýgi dilleriňiz munuň üçin birmeňzeş bolmagy hökmany däl. Size ähmiýetsiz görünýän zatlaryň manylydygyny bilmek we aňa tarap ymtylmak ýeterlik bolup biler. Birek-biregiň dilini öwrenmek islegiňiz durmuşyňyzda köp zady üýtgedip biler!

Mekan SALYHOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu