“TurStat” saýtynyň habar bermegine görä, GDA ýurtlarynyň paýtagtlarynda şu ýyl oturdylan iň beýik Täze ýyl arçalarynyň reýting sanawy mälim edildi. Reýting GDA ýurtlarynda Täze ýyl agaçlarynyň beýikligini öwrenmek maksady bilen düzülipdir.
Bu sanawda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdaky arça agajy birinji orny eýeledi. Beýikligi 43 metr bolan bu arça agajy “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň öňünde oturdylyp, onuň reňkli çyralary 2022-nji ýylyň 15-nji dekabrynda dabaraly ýagdaýda ýakyldy.
Ikinji orny şu ýylyn 5-nji dekabrynda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäheriniň meýdanynda gurlan 37 metrlik arça agajy eýeledi.
Beýikligi 35 metre barabar bolan Özbegistanyň Baş arça agajy Daşkentde ýerleşýän “Täze Özbegistan” seýilgähinde oturdylyp bu arça sanawda üçünji orny eýeleýär
Ilkinji onluga girýän ýurtlar we arçalaryň beýikligi: Bakuwda 34 metrlik arça agajy, Duşenbede 30 metrlik, Moskwada we Minskde 27 metre ýetýän, Astana we Bişkekde 25 metr uzynlykda we Kişinoda 20 metrlik arça agaçlary oturdylandyr.
Russiýada 55 metr beýiklikdäki arça agajynyň bardygyny aýratyn bellärliklidir. Bu arçanyň Krasnoýarskyň Tatişew adasynda ýerleşýändigi bellendi. Ýöne muňa garamazdan 55 metr beýiklikdäki bu arça agajy ýurduň Baş arçasy hasaplanmaýar.
Eziz TAHYROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.