SliderŽurnalistiň sahypasy

Kämil ýaşlary ýetişdirmekde sanly ulgamyň orny

20-12-2022 / 11

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ösüşinde döwrebaplyk syýasatyny durmuşa geçirýär hem-de başy başlanan sanly ulgama geçmek bilen bagly ýörelgeleri işjeň dowam edýär. Munuň özi ýaş nesle berilýän bilimiň çäklerinde hem sanly ulgamy doly derejede peýdalanmagyň wajyplygyny görkezýär. Şu nukdaýnazardan hem milli-ylym bilim ulgamynda sanlylaşdyrylan işleriň toplumlaýyn geçirilmegi, ýaşlaryň hünär taýdan kämil, täze tehnologiýalara erk edip bilýän neslini kemala getirmäge ýardam berýär.

Şu nukdaýnazardan hem sanly ykdysadyýetiň kämil nusgasyny emele getirmekde we ony dünýä derejesine çykarmakda ýaşlara bil baglamak örän maksadalaýykdyr. Çünki ýaşlar aň we beden taýdan sagdyn, öwredilenleri çalt kabul etmäge, özleşdirmäge we oňa döredijilikli çemeleşmäge ukyply. Muňa garamazdan, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin halypalaryň we tejribeli hünärmenleriň zerurlygy aradan aýrylmaýar. Gaýtam, olaryň arasyndaky halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny has-da güýçlendirmek möhümdir. Sebäbi nesilleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün etmezden, sazlaşykly we durnukly ösüşi gazanmak ýeňil düşmeýär. Munuň üçin bolsa biziň ýurdumyzda zerur bolan mümkinçilikler döredilip, sanly ykdysadyýeti dolandyrmaga we ösdürmäge, döwrebaplaşdyrmaga we täze nusgada dowam etmäge ukyply ýaşlary ýetişdirmegiň amatly gurşawy emele geldi. Bu hakykat milli bilim ulgamynda has-da aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Çünki sanly ykdysadyýet bilen bagly düşünjeler we ony dolandyrmagyň ugurlary bilimler we okuw-sapaklary arkaly açylýar. Şonuň üçin hem döwletimizde sanly ykdysadyýete geçilmegi turuwbaşdan ylym-bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyndan  gözbaş aldy.

Ýaşlara heniz çagalyk döwründen başlap berilýän sowadyň terbiýäniň hiline üns berilýär. Ol mekdebe çenli bilim edaralarynda amala aşyrylyp, körpeleriň irki ösüşinden başlap, olaryň aň-bilim düşünjeleriniň binýady berkden döredilýär. Ol ýerde mekdebe taýýarlyk toparlarynyň çagalaryna kompýuterde işlemegiň ilkinji endikleri öwredilýär, sanlylaşdyrylan sapagy geçmäge uýgunalaşdyrylýar.

Ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde ilkinji gadam basýan alty ýaşly birinji synp mekdep okuwçylaryna netbuk kompýuterleri döwlet tarapyndan sowgat edilýär. Kompýuterde sapaklar geçirilip, sanly ulgamyň gazananlary her bir dersde peýdalanylýar. Ýokary synplara informatika we informasiýanyň esaslary öwredilýär. Zähmet we beýleki takyk ugurly dersleriň üsti bilen sanly tehnologiýalardan peýdalanmagyň ugurlary özleşdirilýär. Tejribeler arkaly sanlylaşdyrylan sapaklarda öwrenilenler berkidilýär. Döredijilik-taslama bäsleşikleri arkaly ýokary synp mekdep okuwçylary ylmy döredijilige çekilýär.

Ýokary okuw mekdeplerinde we hünär bilimini berýän bilim edaralarynda talyp ýaşlar hünär ugurlary boýunça sanly bilim portaly esasynda sanlylaşdyrylan okuwlara, umumy sapaklara, tele köpri arkaly sapaklara we beýleki ugurdaş çärelere  gatnaşýarlar.

Ýaş alymlar merkezlerinde talyplar ylmyň dürli ugurlaryna, ylmy işleri alyp barmaga çekilýär. Olaryň oýlap-tapyşlary, täze çemeleşmeleri, barlaglarynyň we gözlegleriniň netijleri höweslendirilýär.

Begençmuhammet DURDYÝEW,
Türkmenistanyň  Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu