Siziň üçin...Slider

Gelmek — myhmandan…

19-12-2022 / 33

Bu nakylyň yzyndaky köp nokady içiňizden: «…ugratmak — öý eýesinden» diýip dowam etjekler hökman tapylar. Myhmanly öý döwletli öý hasaplanýar.

Aňyrdan geleni güler ýüz bilen garşy almak, oňa hezzet-hormat etmek öý eýesiniň borjy. Şeýle adamlaryň il içindäki abraýam, rysgalam hemişe artyk. Çagalykdan gulagymyzyň ganan bir sözi bar: gelen myhman özüniň rysgy bilen gelýär. Onuň üçin ne ýüzüňi turşut, ne-de gursagyňy daralt. «Agylda owlak dogsa, arykda oty biter» diýip ýönelige aýdylýan däldir. Gaýta, myhman kabul edip bilýändigiň üçin begen.

Hawa, bu barada Magtymguly atamyzam: «Mert çykar myhmana güler ýüz bile, // Namart özün gizlär, myhman ýoluksa» diýip gidipdir. «Myhman» sözi «geçegçi», «gonak», «uzak möhletleýin däl» diýen manylary berýär. Gürrüňçilikde käwagt işimiz başymyzdan agdyk bolan çagtlary: «Biz-ä şu günler öýümize myhman» diýäýmämiz bar. Myhman sözüniň meňzetme hökmünde ulanylmagy onuň her çak gelýändigi bilen baglanyşyklydyr. Ýöne ilçilikde tötänden gelen myhmana «Taňry myhmany» hem diýilýär. Bu sözden hem, näme üçindir, Allanyň haky üçin diýen many gelip çykýar. Adam, ilki bilen, dünýä myhman. Onda-da Taňrynyň ýaradan dünýäsine. Taňrynyň ýaradan dünýäsinde-de, aýdylyşy ýaly, adam adama myhman. Beýik Biribaryň haky üçin edilýän zatlar bolsa göni ýürekden gaýtmaly. Diňe şonda sogabyňa ýazylýar ol amallar.

Bir alkyş — müň belany sowýar. Myhmanyň ýürekden hyzmat edilen ojaga, onuň maşgala agzalaryna bildirýän minnetdarlygy hem şol alkyşa degişli. Adam yssy mähir, ýyly söz tapan ýerine gaýdyp gelgiç bolýar. Gygyňy ajadyp, diliňden awyňy pürküp dursaň, ikilenç gapyň kakylaýmaz. «Myhmanyň gelmegi özünden» diýilýär. Gelýärmi, diýmek, sen gowusyň. Ýok, öwrülip gara berenokmy, onda… Türkmençilikde «Myhmanyň itine-de: «Tur» diýme» diýilýänem şondan.  

Duz iýlen öý  hergiz unudylmaýar. Duz çekmegi — mukaddesligiň dartmagy. «Bir gün duza — müň gün salam». Halkymyzda myhmançylyk gatnaşyklaryna uly üns berilýär. Hakyky adamkärçilik saýylýar. Adamkärçilik saýylýan zatlar bolsa bitiriläýmeli, hökman ýerine ýetiriläýmeli zerurlykdyr.

Myhmany atdan düşürmek üçin aş bişirýär türkmen. Özüni arkaýyn duýsun, demini-dynjyny alsyn diýip myhmanyndan üç gün soňra habaryny alýar türkmen. Bu däbi asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere edim-gylym, görüm-görelde bilen gyşarnyksyz aşyryp gelýär.

Ýene bir nakylda şeýle diýilýär «Alla ýalkasa, ýaş berer, bendesi ýalkasa — aş». Kim bilýär, belki-de, biziň uzak ýaşamagymyza sebäp boljak zat şol myhman öňünde goýan hem goýjak aşlarymyzdyr.    

Resulaly BAÝRAMOW,
Ahal welaýatynyň Bäherden etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu