Bu makalany bize doganlyk Özbegistan döwletiniň Samarkant şäherinde doglan, häzirki wagtda ABŞ-da (The College of Wooster) bilim alýan Adhamjon Janobiddinov ugradypdyr. Ol hatynda türkmen neşirlerinde makala çykarmagy arzuw edýändigini hem ýazypdyr. Daşary ýurtlarda hem TürkmenGazet bilen gyzyklanýanlaryň köpdügi bizi diýseň guwandyrýar. Okyjymyzyň makalasyny terjime edip, paýlaşmagy makul bildik.
Özbegistan Respublikasynda ýerleşýän Samarkant Beýik Ýüpek ýolunyň merkezi we taryhda baky yz goýan Temuriy imperiýasynyň paýtagty hökmünde tanalýar. Häzirki wagtda ol Merkezi Aziýanyň iň möhüm şäherleriniň biri hasaplanýar we her ýyl daşary ýurtly myhmanlary özüne çekýär. Mundan başga-da, ýakynda iň uly halkara sammitleriniň biri bolan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti bu owadan şäherde geçirildi.
Taryha ser salanymyzda, Samarkant Merkezi Aziýanyň ilkinji şäherleriniň biridir. Ol gadymy döwürde Afrasiab ady bilen tanalýardy. Şähere araplar, parslar, samanidler, garahan we seljuk döwletleri gözegçilik edýärdi. Köp tanymal taryhçylar, syýahatçylar we hatda şalar Samarkanda baryp görenlerinde haýran galdylar. Mysal üçin, şähere gelen Aleksandr Makedonskiý: «Samarkantyň gözelligi hakda eşiden zatlarymyň hemmesi hakykat» diýip joşgunly gygyrypdyr.
Samarkant Gündogar ýurtlary bilen ýakyn gatnaşyklary saklapdyr. Hytaý bilen ilkinji gatnaşyklar Han neberesinden gözbaş alýar. Gadymy hytaý golýazmalaryna görä, Samarkantyň ýaşaýjylary «zehinli täjirler» hökmünde häsiýetlendirilipdir.
1220-nji ýylda Çingiz han Samarkanda hüjüm edip, şäheriň köp bölegini weýran etdi. Meşhur arap alymy we taryhçysy Ibn Battuta mongol basybalyjylarynyň çozuşlaryndan soň, Samarkanda we Buhara baryp görüpdir. Samarkantyň gözelligi arap taryhçysyny haýrana goýupdyr we ol Samarkandy «iň beýik, iň gowy şäherleriň biri we gözellikde iň kämili» diýip atlandyrypdyr.
XIV-XV asyrlara Samarkantyň altyn asyry diýilýär. Bu döwürde beýik syýasatçy, serkerde Amir Timur (Günbatarda Tamerlan diýlip tanalýar, 1336-1405) Temuriy imperiýasyny esaslandyrdy. Samarkant häzirki 27 ýurduň çägini öz içine alýan giň imperiýanyň paýtagtydy.
Timur Samarkantyň ajaýyplygy we gözelligi bilen dünýäniň ähli paýtagtlaryndan üstün çykmagy ýüregine düwdi. Merkezi Aziýada we Gündogarda dünýä siwilizasiýasyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan beýik döwlet işgäri hökmünde hormatlanýan Amir Timur Eýran, Yrak, Siriýa, Hindistan ýaly ýurtlardan iň zehinli binagärleri Samarkanda getirdi. Onuň döwründe uly we özüne çekiji metjitlerdir medreseler guruldy. Bu işler onuň nesilleri tarapyndan dowam etdirildi. Bibi Hanum metjidi, Ulugbeg obserwatoriýasy, Ulugbeg medresesi we Guri Emir Samarkantda Timurid döwründe gurlan iň meşhur binalardyr.
Häzirki wagtda Samarkant Özbegistanyň 2-nji uly şäheridir we şäher, esasan, iki bölege bölünýär: taryhy we häzirki zaman Samarkant. Şäheriň taryhy bölegine Afrasiab depeleri we Temuriy gurluşyklary, häzirki bölegine bolsa soňky ýyllarda gurlan dürli binalar girýär.
Şäher barha ulalýar. 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Samarkantda täze halkara syýahatçylyk merkezi açyldy. Mundan başga-da, şäherde soňky 3 aýda iki sany uly halkara sammiti geçirildi: Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de noýabr aýynda Türki döwletleriň guramasynyň sammiti.
Sözümiň ahyrynda pars we beýleki Aziýa ýazyjylarynyň Samarkant hakda ýazan ýüzlerçe goşgularynyň we kitaplarynyň bardygyny aýtmak möhümdir. Häzirki wagtda Samarkant syýasy we ykdysady taýdan sebitiň iň möhüm şäherleriniň biri. Özbegistana gelseňiz, bu ajaýyp şäherde hökman myhman boluň!
Adhamjon JANOBIDDINOW,
talyp.